Sepleriň elýeterliligi

Assada tarapdar güýçler pitneçi şäheri ele geçirdi


Türkiýä ýygnanan siriýaly dissidentler prezident Başar al-Assadyň režimini agdarmak ugrunda işleýän adamlara goldaw berjek geňeşiň düýbüni tutdular.

Parižde ýaşaýan Burhan Halaýun geçen aý yglan edilen geňeşiň garaşsyz topardygyny aýtdy. Ol bu geňeşiň siriýa halkynyň özygtyýarlylygyny gowşadýan islendik daşarky gatyşmany ret edýändigini hem sözüne goşdy.

Bu habar Siriýanyň resmi habar serişdeleri pitneçi şäher Rastanyň, bäş güne çeken agyr söweşden soň, hökümet güýçleriniň eline geçendigini habar beren güni çykdy.

Bu şäher soňky birnäçe hepde goşundan gaçan dezertirleriň kontrolunda bolup, Assadyň iş başyndan çekilmegini talap edýän uly protestleriň sahnasyna öwrülipdi.
XS
SM
MD
LG