Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmk sekretary Ysraýylyň izolýasiýa düşjegini duýdurýar


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panetta Ysraýylyň Orta Gündogarda barha beter izolýasiýa düşýändigini duýdurdy.

Panetta Pentagonyň başlygy bolaly bäri Ysraýyla birinji gezek sapar edýär.

Ol özüniň Birleşen Ştatlaryň Ysraýyl babatdaky howpsuzlyk borçnamalaryny tassyk etjegini we bu ýurduň Türkiýe, Müsür bilen sowaşan gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga ýardam etmäge synanjagyny aýtdy.

Panettanyň Orta Gündogara sapary palestin we müsür liderleri bilen duşuşyklary hem öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG