Sepleriň elýeterliligi

“Hakkani guramasy” öňki owgan prezidenti Rabbanini öldürmändigini aýdýar


Owgan jeňçi topary bolan “Hakkani guramasynyň” esasy lideri BBC-ä öz toparynyň owgan hökümetiniň parahatçylyk wekili Burhanuddin Rabbaniniň ölümine jogapkär däldigini aýtdy.

Siraj Hakkani duşenbe güni ile ýetirilen interwýusynda şu golaýda Kabulda ýokary derejeli günbatar nyşanalaryna guralan hüjümleriň Pakistanyň aňtaw gullugy bilen ilteşikli däldigini hem sözüne goşdy.

Rabbani 20-nji sentýabrda Kabuldaky öýünde, “Talybandan” habar getirýändigini aýdan adam tarapyndan öldürildi.

Owgan resmileri Rabbaniniň ölümini “Hakkani guramasy” bilen baglanyşdyrdylar. Olar bu kast edişligiň Kwette şäherinde planlaşdyrylyp, pakistanly bir adam tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG