Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oksfam: Owganystanda aýal haklary töwekgellik astynda


Hukuk topary bolan “Oksfam” halkara güýçleriniň ýurtdan çykyp başlamagy, hökümetiň bolsa “Talyban” bilen ylalaşyk baglaşjak bolmagy Owganystandaky aýallaryň hukuklaryny ýene töwekgellik astyna salyp biler diýýär.

“Oksfamyň” täze hasabatynda 2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky goşun girizmeden soň Owganystandaky aýallaryň hukuklarynyň görnetin ýokarlanandygy aýdylýar. Şondan soň bu ýurtda mekdebe gatnaýan gyzlaryň sany “Talyban” döwri bilen deňeşdirilende ençeme esse köpeldi.

“Oksfam” nämälim geljegiň we yzygaýdyşlygyň aýallaryň garşysyna ulanylýan zorluklary artdyrýandygyna ünsi çekip, “Talyban” bilen parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy bu ugurda gazanylanlary ýoga çykarmasa ýagşydyr diýýär.
XS
SM
MD
LG