Sepleriň elýeterliligi

Şahyr Akjemal Omarowa 83 ýaşynda aradan çykdy


Türkmen edebiýatynyň ýaşuly wekilleriniň biri, şahyr Akjemal Omarowa 83 ýaşynda aradan çykdy.

Akjemal Omarowanyň ilkinji goşgulary 1946-njy ýylda çap edilipdir. Ol 1956-njy ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky edebiýat institutyny tamamlaýar we şol ýyl hem şahyryň ilkinji goşgular kitaby çapdan çykýar.

Aşgabatly şahyr Amanmyrat Bugaýew Akjemal Omarowanyň Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultuny goldamadyk şahyrlaryň biri bolandygyny, şu sebäpden hem onuň goşgularynyň garaşsyzlyk ýyllarynda metbugatda çap edilmändigini aýdýar.

Şahyr Akjemal Omarowa 30-njy sentýabrda Aşgabatda topraga berildi.
XS
SM
MD
LG