Sepleriň elýeterliligi

Žurnalist D. Ýazgulyýew jenaýatda aýyplanýar


Türkmen häkimiýetleri türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji bölegi boýunça aýyplama bildirýärler. Emma žurnalistiň garyndaşlary muny häkimiýetleriň olaryň şahsy durmuşyna gatyşmasy hasaplaýarlar.

Žurnalistiň ýakynlarynyň Azatlyk Radiosyna iberen dokumentleri Ýazgulyýewiň žurnalistlik işi üçin ýanalýandygyny tassyklaýar.

Azatlyk Radiosynda çykyş edýän žurnalist, edebiýatçy Ýazgulyýewiň tarapdarlary bu jenaýat işiniň gizlin gulluklar tarapyndan, žurnalistiň sesini sem etmek üçin gurnalandygyny öňe sürýärler.

Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda, Ahal welaýatynyň Kaka etrap polisiýasy tarapyndan tussag edilipdir. Onuň sud diňlenşiginiň sişenbe güni başlanjakdygy aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri Döwletmyrat Ýazgulyýewe Abadan partlamalary barada ýazan bloglary üçin hem duýduryş beripdiler.

Eger günäli tapylsa, Ýazgulyýewa 5 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.
XS
SM
MD
LG