Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: Sirteden müňlerçe adam gaçyp çykýar


Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň söweşijisi Sirtäniň merkezinden 1 kilometr uzaklykda RPG-7 bilen hüjüm edýär, 3-nji oktýabr.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň söweşijisi Sirtäniň merkezinden 1 kilometr uzaklykda RPG-7 bilen hüjüm edýär, 3-nji oktýabr.

Liwiýanyň häkimiýet başyndan kowlan hökümdary Muammar Kaddafiniň dogduk şäheri, 70 müň ilatly Sirteden müňlerçe adamynyň gaçyp çykýanlygy habar berilýär. Kaddafa garşy güýçler bu şähere giňişleýin hüjüme taýýarlanýarlar.

Sirte Kaddafiniň tarapyny çalýan güýçleriň kontrollygyndaky iki şäheriň biri. Beýlekisi Tripoliniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Bani Walid. Bu şäherleriň ikisi-de oppozision güýçleriň gabawynda.

Liwiýanyň täze aralyk hökümeti Milli geçiş geňeşiniň güýçleri Sirtede ençeme hepde bäri özlerine berk garşylyk görkezýän Kaddafä wepaly söweşijileriň pozisiýalaryna hüjüme taýýarlanýandyklaryny aýdýarlar. Ýöne Sirtäniň gündogarynda, Kaddafa garşy söweşijileriň bir serkerdesiniň aýtmagyna görä, entek doly hüjüme geçilmez. Munuň sebäbi şäherde gaty köp parahat ilatyň bardygy.

Žurnalistler duşenbe güni ir bilen ýüzlerçe adamyň barja zatlaryny maşynlara ýükläp, Sirteden gaçyp gelýändiklerini görendiklerini habar berdiler. Bu adamlar söweşiň gysga wagtlap kesilmeginden peýdalanyp, kyn gumanitar ýagdaý sebäpli şäheri terk etmäge mejbur bolandyklaryny, köpüsi hem özleriniň Kaddafiniň tarapyny çalýandyklaryny aýdypdyrlar.

Milli geçiş geňeşi parahat ilatyň şäherden çykmagyna mümkinçilik bermek üçin atyşyklaryň 48 sagatlap kesilmegine çagyrypdy. Bu möhlet ýekşenbe güni tamamlandy. Ýöne şäherden gaçyp çykan adamlaryň käbiri atyşyklaryň kesilmändigini aýdýarlar.

AFP habar agentliginiň bir habarçysy hepdäniň soňunda atyşyklaryň dowam edendigini, şol agentligiň ýene bir habarçysy Kaddafä degişli güýçleriň şäheriň merkezindäki pozisiýalaryna hüjüm üçin ýekşenbe güni agyr ýaraglaryň, sol sanda tanklaryň hem ulanylandygyny habar berdi.

Ýagdaý agyr
Halkara Gyzyl haç guramasynyň ulaglary Sirte şäherine barmaga taýýarlyk görýär, 3-nji oktýabr.



Ýaralanan ençeme adamyň Sirtede medisina kömeginiň ýetmezçiligi sebäpli ölýändigi aýdylýar. Halkara Gyzyl haç guramasynyň sözçüsi Dibeh Fahr Sirtede ýagdaýyň agyrdygyny aýtdy:

—Soňky hepdelerde gabawdaky şäherde ýüzbe-ýüz bolnan gumanitar ýagdaýa we kynçylyklara baha bermek üçin Misuratanyň üsti bilen Sirtä baryp, şäheriň merkezi keselhanasy Ibn Sina keselhanasyny görmek Halkara Gyzyl haç guramasyna başartdy. Gyzyl haçyň işgärleri ençeme sagatlap Sirtede bolup, kyn şertlerde iş alyp barýan keselhana baha berdiler. Doktor, medisina enjamlary, kislorod silinderleri ýetmezçilik edýär. Suw howuzlaryna-da zeper ýetipdir. Keselhana, şeýle hem doktorlar gaty ejir çekýärler.

Halkara Gyzyl haç guramasynyň sözçüsi Soaade Messoudi hem ýekşenbe güni Tripolide soňky günlerde Sirteden 10 müň töweregi adamyň gaçyp çykandygyny aýtdy:

—Gyzyl haçyň işgärleri midisina işgärleri bilen gürleşip, olara gerekli kislorod we beýleki zatlar barada pikir alşyp bildiler. Olar şeýle hem Sirtede graždan jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyp bildiler. Olar azyk gerekdigini aýdypdyrlar – çaga iýmiti, agyz suwy we gigiena üçin zerur zatlar. Biziň edip bilen işimiz häzir şu, sebäbi biziň adamlarymyz keselhanadakalar, keselhana tarap ot açylypdyr. Olar howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlygy sebäpli ol ýerde köp galyp bilmediler. Biz olary ol ýerden basym çykarmaly bolduk.

Birleşen Ştatlaryň senatory Jon MakKeýn ýekşenbe güni CBS telekanalynda eden çykyşynda Milli geçiş geňeşiniň beren sanlaryna salgylanyp, Liwiýada graždanlyk urşunda 25 müňden agdyk adamyň ölendigini, 60 müň adamyň ýaralanandygyny, 3 müň adamyň hem maýyp bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG