Sepleriň elýeterliligi

Žurnalist Ýazgulyýew işi boýunça sud diňlenişigi geçiriler


Şu gün Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýewe garşy bildirilýän aýyplamalar boýunça sud diňlenişigi geçiriler diýlip garaşylýar.

43 ýaşly Döwletmyrat Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda Kaka etrabynyň polisiýa edarasy tarapyndan tussag edilipdi.

Ýazgulyýewiň dogan-garyndaşlary onuň maşgala dawalary bilen baglanyşykly aýyplanyp tussag edilendigini we oňa bildirilýän aýyplamalaryň ýerliksizdigini aýdýarlar.

Döwletmyrat Ýazgulyýewiň işi bilen baglanyşykly şu gün geçiriler diýlip garaşylýan sud diňlenişiginiň açyk ýagdaýdamy ýa ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiriljekdigi heniz belli däl.

Döwletmyrat Ýazgulyýew 2007-nji ýyldan bäri Azatlyk Radiosy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelipdi.
XS
SM
MD
LG