Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň maliýe krizisi barada maslahat edildi


Duşenbe güni ýewro pul birligini ulanýan ýurtlaryň maliýe ministrleri Gresiýanyň maliýe krizisi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu maslahatyň yzy bilen eden çykyşynda "Euro Group" atly maliýe toparynyň başlygy, Lýuksemburgyň premýer-ministri Ýan-Klaude Ýunker Gresiýa maliýe taýdan hökman zerur goldawlaryň beriljekdigini we onuň ýewro pul zonasyndan çykmajakdygyny nygtady.

Bu wakanyň öňýany Gresiýanyň häkimiýetleri Ýewropa Bileleşiginiň we Halkara pul gaznasynyň berjek karzlaryny yzyna gaýtarmak üçin özlerine birneme artykmaç wagtyň gerek boljakdygyny mälim edipdiler.

Gresiýanyň bu beýanaty käbir halkara maliýe fondlarynyň görkezijileriniň görnetin peselmegine sebäp boldy. Ýewronyň dollardaky hümmeti hem hepdäniň duşenbe güni şu ýylyň ýanwaryndan bäri iň pes derejä düşdi.
XS
SM
MD
LG