Sepleriň elýeterliligi

Berezowskiý-Abramowiç dawasy boýunça sud diňlenişigi geçirildi


Duşenbe güni orsýetli milliarderler Boris Berezowskiý bilen Roman Abramowiçiň özara dawalary boýunça Londonyň sudunda ilkinji sud diňlenişigi geçirildi.

Britaniýada ýaşaýan Boris Berezowskiý Roman Abramowiçi özara kontraktlaryň şertlerini bozmakda aýyplap, ony suda beripdi.

Hususan-da, ol Roman Abramowiçiň "Sibirneft" kompaniýasyndaky öz aksiýalaryny Abramowiçiň has arzan bahadan satmaga mejbur edendigini aýdyp, ondan 5 milliard dollar möçberinde kompensasiýa tölemegini talap edýär.

Abramowiç özüne bildirilýän bu aýyplamalary ret edýär.

Berezowskiý bilen Abramowiçiň arasyndaky bu sud dawasy birnäçe aý dowam eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG