Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobeliň ýeňijisi baýrak almazdan öň ýogaldy


Duşenbe güni Nobel baýragy baradaky Halkara Komiteti adam organizminiň immun sistemasy boýunça eden açyşlary üçin üç alyma medisina boýunça Nobel baýragyny bermekligi karar etdi.

Bu baýraga mynasyp bolanlar amerikaly Brýus Butler, Lýuksemburgda doglan amerikan alymy Jýules Hoffman hem-de kanadaly alym Ralf Steýnman dagylar.

Nobel Komiteti 1 million 460 müň dollarlyk pul baýragynyň deň ýarsyny Amerikada iş alyp baran Brýus Butler bilen Jýules Hoffmana, beýleki ýarsyny bolsa kanadaly alym Ralf Steýnmane bermekligi karar etdi.

Emma bu kararyň yzy bilen, kanadaly alym 68 ýaşly Ralf Steýnmanyň ýakynda, 30-njy sentýabrda rak keselinden aradan çykandygy belli boldy.

Nobel Komiteti bu waka boýunça geçiren goşmaça maslahatyndan soň, barybir, bu pul baýragyny Ralf Steýnmanyň maşgalasyna gowşurmaly diýen netijä geldi.
XS
SM
MD
LG