Sepleriň elýeterliligi

Gazak žurnalisti döwlet syryny paş etmekde aýyplanýar


Gazagystanyň ýerli “Wremýa” gazetinin žurnalisti Gennadiý Bendiskiý döwlet syryny paş etmekde aýyplanýar. “Interfaksyň” maglumatyna görä, şu gün degişli hat baş prokuraturadan neşiriň redaksiýasyna ugradylypdyr. Žurnalist edaradan hiç hili resmi dokument almandygyny aýdýar.

1999-njy ýylda Gazagystanyň prezidentiniň baýragy bilen sylaglanan Benediskiniň jenaýat derňewlerine sezewar edilmegine şu ýylyň awgustynda çap edilen makalasy sebäp boldy. Ol şol makalasynda ýörite gulluklaryň käbir işgärinde toslanyp tapylan adamlaryň atlary ýazylan hakyky dokmentleriň bardygyny ýazýar.

Baş prokuratura şol maglumatlary beren çeşmäniň üstüni açmagy talap edýär.
XS
SM
MD
LG