Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýadan gaçan 9 adam Günorta Koreýa berildi


Demirgazyk Koreýanyň ýurtdan gaçan dokuz graždany Ýaponiýada polisiýa tarapyndan saklanyp, Günorta Koreýa getirildi.

Birnäçe hepde mundan öň üç erkek, üç aýal we üç çaga kiçijik gaýykda ýapon kenarlaryna ýüzüp geldi. Ýapon polisiýasy sorag edende, olaryň biri Demirgazyk Koreýanyň armiýasynda gulluk edendigini, ýanyndakylaryň öz garyndaşlarydygyny aýtdy.

Olar uly bolmadyk gaýykda 750 kilometr ýol geçipdir. Olaryň haýyşy bilen ýapon häkimiýetleri gaçgaklary Günorta Koreýa tabşyrdy.

Her ýyl Demirgazyk Koreýadan Günorta Koreýa iki ýarym-üç müň adam gaçýar.
XS
SM
MD
LG