Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda bolan hüjümde 12 adam heläk boldy


Pakistanyň günorta-günbatarynda bolan söweşijileriň hüjüminde bärsinden 12 adam ölüp, ýene alty adam ýaradar boldy. Hüjümiň nyşanasy - şaýy musulmanlary bolmagy mümkin, çünki ölenleriň 11-si şaýy, biri sünni.

Söweşijiler Bulujystanyň administratiw merkezi Kwetta şäherine barýan awtobusy saklap, ýolagçylary awtobusdan çykaryp, hatara durzup atypdyrlar diýip, ýerli polisiýa habar berdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

“Al-Kaýda” baglanyşygy bolan sünni ekstremistleri wagtal-wagtal şaýy wekillerine hüjüm edýärler.
XS
SM
MD
LG