Sepleriň elýeterliligi

Britaniýaly studentiň ölüminde aýyplanýan iki adam azat edildi


Italiýanyň Perudža şäherinde aklaýyş sudy britaniýaly student gyz Meredit Kerçeriň ölüminde aýyplanan iki adama çykarylan hökümi duşenbe güni ýatyrdy.

21 ýaşly Kerçer 2007-nji ýylyň ahyrynda Italiýada beýleki studentler bilen ýaşaýan öýünde öldürilipdi. Derňew maglumatlaryna görä, köpçülikleýin seksual oýunlar wagty Kerçeriň damagy çalnypdyr.

Bu jenaýatda üç adam- amerikaly gyz Amanda Noks, onuň italiýaly dosty Raffaele Solleçito, ýene-de Rudi Gede diýen biri aýyplanypdy. Olaryň üçüsem uzak wagtlyk türme tussaglygyna höküm edilipdi, olar bildirilýän günäni inkär etdiler. Bu iş uly jemgyetçilik ýaňyny döretdi.

Öldürilen student gyz Meredit Kreçeriň maşgalasy soňky suduň bu aýgytly kararyna düşünmeýändigini aýdyp, işiň yzyna gaýtarylmalydygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG