Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň prezidenti Hindistana sapar edýär


Sişenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý sapar bilen Hindistana barýar. Onu hindi ýolbaşçylary bilen duşuşygy halkara arenasynda Hindistanyň bäsdeşi Pakistan bilen Kabulyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşan ýagdaýynda geçer.

Prezident Hamid Karzaýyň Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Sing bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen şertnama gol çekişmegine garaşylýar.

Hindistan we Owganystan Pakistanyň häkimiýetlerini hindi we owgan territoriýalaryna hüjümleri amala aşyrýan ekstremistlere geleňsiz seretmekde aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG