Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür-Ysraýyl gaz eksport ylalaşygynyň proýekti taýýar


Müsür goňşy Ysraýyla gaz eksport etmek baradaky ylalaşygyň proýektini taýýarlap gutardy diýip, müsür metbugaty ýangyç senagaty ministrine salgylanmak bilen habar berýär. Täze ylalaşyk gaz üçin has ýokary bahany göz öňünde tutýar.

Sinaý ýarymadasynyň üsti bilen geçýän gaz geçirijä edilen hüjümler netijesinde Ysraýyla akýan gazyň arasy soňky döwür ençeme gezek kesilipdi. Şol hüjümleri ýewreý döwletine gaz akmagyny islemeýän ekstremistleriň alama aşyrandygy çak edilýär.

Gaz turbasyna edilen hüjümler Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek häkimiýetden agdarylandan soň has hem köpeldi.
XS
SM
MD
LG