Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kampaniýa başlandy


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň 3-nji oktýabrda bolan maslahatynda Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek boýunça uly möçberli işiň - saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kampaniýanyň başlanandygy yglan edildi diýip, türkmen metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky kanunyň 7-nji maddasynda: “Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlara üç aýdan gijä galman, saýlawlar kampaniýasyny yglan edýär, bu habar köpçülikleýin habar serişdeleriniň üsti bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär” diýilýär.

Şol kanunyň üçünji maddasynda saýlawlara iki aý galanda prezidentlige kandidatlaryň hödürlenip başlanýandygy, bir aý galanda bu işiň tamamlanýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG