Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jenaýatçylygy azaltmagyň bir ýoly – adamlary iş bilen üpjün etmek


Türkmenistanda korrupsiýanyň ösmegi, hukuksyzlyk, işsizlik jenaýatçylygyň ösmegine getirdi diýip, bilermenler çaklaýarlar.
Türkmenistanda korrupsiýanyň ösmegi, hukuksyzlyk, işsizlik jenaýatçylygyň ösmegine getirdi diýip, bilermenler çaklaýarlar.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň diplomatlaryň howpsuzlygy boýunça býurosynyň 2011-nji ýylda Türkmenistan boýunça “Jenaýatçylyk hem howpsuzlyk” atly hasabatynda, Türkmenistanda jenaýatçylygyň derejesi babatda statistiki maglumatlaryň çap edilmeýändigine garamazdan, onuň derejesine ortaça diýlip, baha berilýär.

“Ýurtdaky işsizligiň derejesiniň ýokary bolmagy köçelerdäki talançylyklaryň köpelmegine getirýär. Şäheriň bardyr-restoranlarynda içgili adamlaryň arasynda çaknyşyklar, adamlaryň serhoş ýagdaýda maşyn sürüp, dürli heläkçiliklere uçramagy hem adaty ýagdaý” diýlip, bu hasabatda bellenilýär.

Orsýetiň “RIA-Analitika” merkeziniň ekspertleri ýurduň resmi statistiki maglumatlaryna esaslanyp geçiren barlaglarynyň netijesinde, ýurtda işsizleriň sany 100 adam artsa, kanuny bozmalaryň sanynyň 44 jenaýat artýandygyny anykladylar. Muny Merkezi Aziýa döwletleriniň käbirlerinde jenaýatçylyk bilen bagly berilýän resmi statistiki maglumatlar hem tassyklaýar.

Gazagystan boýunça berlen resmi statistiki maglumatlara görä, 2006-njy ýylda jenaýatçylyga baş goşanlaryň 73%-e golaýy işsiz bolan bolsa, 2010-njy ýylda bu san ösüp, bikanunçylyga ýol berenleriň 75%-i gazanç çeşmesinden mahrum edilen adamlardan ybarat boldy. Soňky bäş ýylda Gazagystanda 370-e golaý adamyň ilkinji gezek jenaýatçylyga baş goşandygy aýdylýar.

“Türkmen Helsinki fondunuň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa 1990-njy ýyllaryň başynda prezident Saparmyrat Nyýazowyň jenaýatçylyga garşy yglan eden göreşiniň çäginde hemme jenaýatçy toparlary ýok edendigini aýdýar. “Emma Nyýazow özüniň ýolbaşçylyk eden döwri jenaýatçylygyň ösmegine getirýän işsizlige, parahorluga, neşe söwdasyna garşy göreşmegi başarmady” diýip, Begmedowa belleýär.

Türkmenistanda, resmi maglumatlar berilmese-de, korrupsiýanyň ösmegi, adamlaryň kanunyň işlemegine bil baglamazlygy, ýurtdaky işsizlik jenaýatçylygyň ösmegine getirdi diýip, bilermenler çaklaýarlar. Olaryň pikiriçe, ýaşlaryň okuwyny dowam etdirmek mümkinçilikleriniň pes bolmagy we şol sebäpli çykgynsyzlyk duýgusyny, sussypesligi başdan geçirmekleri ýaş nesli jenaýata iterýär.

Korrupsiýa we jenaýat

Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Aziýa we Afrika institutynyň Merkezi Aziýa hem Kawkaz bölüminiň başlygy, professor Leonid Fridman bolsa, häzir Merkezi Aziýa regionynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem alyjylyk krizisiniň ýüze çykýandygyny aýdyp, şeýle ýagdaýda ýaşlarda çem gelen ýollar bilen köpräk pul gazanmak höwesiniň artýandygyny öňe sürýär. Şeýle ýagdaýyň Orsýetde hem bolandygyny aýdyp, professor onuň ýaşlaryň arasynda jenaýatçylygyň artmagyna getirýändigini nygtady.

Hukuk goraýjy aktiwist Täjigül Begmedowa öňler türkmenleriň öz çagalaryny “halal zähmet bilen eklemek” meselesine gaty köp üns berendigini ýatlap, häzir raýatlaryň köpüsiniň parahorlugy, korrupsiýany jenaýat diýip hasaplamaýanlyklaryny belleýär.

Bilermenler Günbataryň ösen ýurtlarynda hem maliýe krizisi döwründe ösýän işsizligiň derejesiniň wagtlaýynça jenaýatyň ösmegine getirýändigini aýdýarlar. Emma açyk jemgyýetlerde işsizligiň artmagynyň ownuk-uşak ogurlygyň, talançylygyň ösmegine getirip, adam öldürmek, adam zorlamak ýaly agyr jenaýatyň derejesine kän bir täsir etmeýändigi aýdylýar.

2008-nji ýyldaky krizis sebäpli köp zawodlar ýapylyp, 45 müň adamdan ybarat bolan Nýu-Ýork ştatynyň Bingamton şäheriniň ýaşaýjylarynyň köpüsi işsiz galdy. Emma, muňa garmazdan, bir ýylyň dowamynda bu şäherçede bir gezek adam öldürmek bilen bagly jenaýat hasaba alnypdyr. Şol sebäpli-de Bingamton şäheriniň howpsuzdygyny bu şäheriň häkimi Mattew Rýan nygtady. Emma bu şäherde krizis döwründe awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýalarda puluny tölemän gaçan adamlaryň sany artypdyr.

Hukuk goraýjy aktiwist Täjigul Begmedowa, ynha, indi 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň ýokarydygyny belleýär. “Jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagynyň, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň öňe sürülmeginiň, ilatyň iş bilen üpjün edilip, halkyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagynyň jenaýatçylyga garşy göreşde uzak möhletleýin netije berýändigini dünýä tejribesi görkezdi” diýip, Begmedowa nygtaýar.
XS
SM
MD
LG