Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazgulyýewiň üstünden sud prosesi başlandy


Sişenbe güni Kaka şäherçesinde žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň üstünden sud prosesi başlandy. Suduň agşamara başlanandygy, sişenbe güni üç adamyň - Döwletmyrat Ýazgulyewiň iki garyndaşynyň we bu işe gatnaşygy bolan bir aýalyň sorag edilendigi habar berilýär.

Gozgalan işe degişli adamlaryň žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe garşy öňki beren düşündirişleriniň tersine görkezme berendikleri barasynda maglumat gowuşdy. Sud prosesiniň çarşenbe güni ir sagat 9-da ýene-de dowam etdirilmegine garaşylýar.

Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýaşaýan 43 ýaşly Döwletmyrat Ýazgulyew 27-nji sentýabrda Kaka etrabynda tussag astyna alnypdy. Oňa maşgala gatnaşyklary bilen bagly Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasy boýunça günä bildirilýär.

Ýazgulyýewiň saklanmagynyň düýp sebäbi onuň alyp barýan žurnalistik işi bilen baglanyşydyrylýar. Şu ýyl tomus bolan Abadan wakalarynyň yzýany Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Ýazgulyýew bilen duşuşyp, oňa jenaýat jogapkärçiligi barada duýduryş edipdiler.
XS
SM
MD
LG