Sepleriň elýeterliligi

Orsýet we NATO: on ýyl oňşuksyzlyk


NATO bilen Orsýetiň gatnaşyklary iki tarapyň hem isleýşi ýaly ýola düşüberenok diýip, ekspertler aýdýarlar.

NATO bilen Orsýetiň gatnaşyklary iki tarapyň hem isleýşi ýaly ýola düşüberenok diýip, ekspertler aýdýarlar.

2001-nji ýylyň oktýabrynyň başynda Orsýet bilen NATO-nyň gatnaşyklarynda böwsülme emele gelen ýaly boldy. Şonda Wladimir Putin (Orsýetiň şol mahalky prezidenti) Brýusselde geçirilen metbugat konferensiýasynda lord Jorj Robertsonyň (Demirgazyk Atlantik ýaranlygynyň şol wagtlardaky baş sekretary) Moskwa bilen has giň gatnaşyklara gönükdirilen planyny goldaýandygyny aýdypdy.

—Jenap baş sekretar Orsýet bilen NATO-nyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek, çuňlaşdyrmak we özgertmek mümkinçiliklerine garap biljek işçi organy döretmek inisiatiwasy bilen çykyş etdi. Men muny örän oňat, işjeň teklip diýip hasaplaýaryn. Elbetde, biz muny goldarys. Biz şunuň ýaly inisiatiwa minnetdarlyk bildirýäris—diýip, şonda Putin aýdypdy.

Şol gün, ýöne biraz soňrak, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşanyndan soň, Putin eger-de ýaranlyk çynlakaý hyzmatdaşlyga taýýar bolsa, onda Orsýetiň NATO-nyň giňelmegine onçakly biynjalyk bolup durmajakdygyny-da kakdyrybrak duýdurypdy:

—Eger-de Ýewropada ençeme gezek dile getirilen ideýalar durmuşa geçirilse—şol ideýalaram şundan ybarat: NATO başga görnüşe geçse, has syýasy gurama öwrülse, elbetde, biz giňemek meselesi boýunça garaýşymyzy üýtgederis. Munuň üçin biz özümizi şu prosesden çetde goýulmaýanymyzy duýmaly.

Şondan bäri on ýyl geçdi. Ynha, indi welin NATO-nyň giňemegi Orsýetiň harby doktrinasynda daşardan abanýan harby howplaryň esasylarynyň biri hökmünde agzalýar.

Şeýle-de bolsa, şu ýylyň maýynda Moskwa bilen Demirgazyk Atlantik ýaranlygynyň arasyndaky özara gatnaşyklar baradaky sowala jogap berende Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýagdaýyň beýle bir ýaramaz däldigini aýtdy:

—Häzirki pursatda NATO bilen gatnaşyk, meniň pikirimçe, onçakly ýaramaz däl. Munuň özi iki tarap üçinem gowy diýip hasaplaýaryn. Bir döwürde aramyzda dartgynly, çylşyrymly pursatlar bolup geçdi. Şonda gatnaşyklaryň arasy üzülere gelipdi. Gatnaşyklary kesmegiň tarapdary biz däl-de, Demirgazyk Atlantik ýaranlygy bolupdy. Şonda men şeýle diýipdim: “Ras, hyzmatdaşlyk etmek islemeýärlermi—onda bizem ýapyşyp ýatmarys”. Men 2008-nji ýylyň awgustyny göz öňünde tutýaryn. Ondan bäri aý aýlanyp, ýyl ötdi. Umuman, ýagdaý kadaly ýöreýär diýip hasaplaýaryn.

Dogry, şundan soň Medwedew RGG (raketalaryň garşysyna goranyş) boýunça hökman ylalaşyga gelinmelidigi barada gaty köp gürledi, ýogsa, ýaraglanyşygyň täzeden haýdadylmagynyň gutulgysyzdygyny aýtdy. On ýylyň içinde NATO bilen Moskwanyň arasyndaky birek-birege ynanmazlyk meselesi, görnüşi ýaly, aradan aýrylmadan-a geçen, gaýtam, has-da çuňlaşana meňzeýär. Şeýle gatnaşyklardan soň 2001-nji ýylda umyt döredäýmegi mümkin görnen hyzmatdaşlygyň hyýaly ruhy ýele sowruldy.

Orsýetiň Döwlet Dumasynyň halkara işleri boýunça komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçew gynanç bilen şeýle diýýär:

—Orsýetem, NATO-da şu babatda özara golaýlaşmagyň, hereket etmegiň, hyzmatdaşlygyň konsepsiýasyny tapyp bilmedi. Orsýet NATO-ny ahyrky pozisiýalarda inkär etmegiň nirelerindedir bir orta aralygynda dur. Şu gurama doly synyň oturma pozisiýasy-da edil şunuň ýalydyr. Ýaranlygyňam edil şunuň ýaly— Orsýeti duşman hökmünde kabul etmek pozisiýasyndan eýýäm daşlaşan bolmagy mümkin. Ýöne onuň Orsýete ýaran hökmünde seretmäge taýýar däldigi-hä açykdan aýdyňdyr. Özara garaýyşlardaky şeýle gapma-garşylyklar birek-biregi hökman ýaran hökmünde däl, bolmanda, hyzmatdaş hökmünde kabul etmäge esasy bökdençlik bolup durýar.

Biziň bähbitlerimiziň birek-biregiňki bilen çapraz düşýän, mese-mälim kesgitlenen bir zolagy bar. Şeýle zolak geografiki taýdan däl-de, dünýägaraýyş taýdandyr: NATO öz serhetleriniň çäklerinden daşarda-da hereket etmek islegini gizläp duranok, özüne global gurama hökmünde garaýar. Ol, hakykatdanam, dünýäde iň täsirli gurama. Ýöne global hereket etmek üçin welin kanuny hukugy ýok, ýogsa, şol hukugy almak üçin synanyşyklar edilýär. Liwiýa bilen baglanyşykly soňky wakalar muňa mysal bolup biler. Mundan ozalam başga-da köp dürli hereketler bolupdy. Birinjiden, Orsýetde beýle ambisiýalar ýok. Ikinjiden, biz NATO-nyň ýygy-ýygydan gös-göni Orsýete täsir edýän ol ýa-da beýleki bir regiondaky hereketleriniň zamunynda galýarys. Muňa aýdyň mysal hökmünde Owganystany görkezip bolar—diýip, Kosaçew aýdýar.

Konstantin Kosaçýowyň şu aýdanlaryna garşy çykybam bolar. Liwiýadaky ýa-da Owganystandaky ýagdaýlara nähilidir bir alaç tapmak üçin haýyş bilen ýüz tutulmagy-da hut onuň ýeke-täk täsirli harby blokdugyna esaslanýandyr. Ýöne käbir oppozision garaýyşly bilermenler Demirgazyk Atlantik ýaranlygynyň aram-aram örän “gözsüz batyrlyk” edýändigini-de aýdýarlar.

Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary institutynyň halkara howpsuzlygy merkeziniň direktory Alekseý Arbatow Moskwa bilen NATO-nyň arasyndaky on ýylyň dowamynda üýşen gapma-garşylyklaryň özenini ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň hereketlerinden görýär:

—Orsýetiň liberal toparlarynyň wekili bolsam-da, “Ýabloko” partiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri bolsam-da, meniň üçin gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy üçin esasy jogapkärçiligiň ABŞ-nyň we NATO-nyň üstüne düşýäni gürrüňsizdir. ABŞ bilen NATO-nyň käbir hereketleri 2001-nji ýylda Orsýetiň yşarat eden hyzmatdaşlyk ruhy bilen bütinleý gabat gelmedi. Yraga hiç bir esassyz, delilsiz çozuldy. Ýogsam, muňa Orsýet we ABŞ-nyň Fransiýa, Germaniýa ýaly käbir ýaranlary garşy hem çykypdylar. ABŞ RGG boýunça şertnamadan çykdy, Orsýet bu şertnamany strategiýa durnuklylygynyň we ýadro ýaraglaryny çäklendirmek boýunça hyzmatdaşlygyň düýp özeni hasaplaýardy. ABŞ NATO-ny Gündogara—gös-göni Orsýetiň serhetlerine tarap giňeltmegiň nobatdaky ädimine gitdi. NATO Ýewropada ýaragly güýçleri we ýaraglary çäklendirmek boýunça adaptirlenen şertnamany ratifisirlemedi. Ýogsa, munuň özi, NATO-nyň Gündogara giňemegi netijesinde dörän adaty ýaraglar boýunça dörän deňagramsyzlyk meselesini ep-esli derejede çözerdi. Ahyrky netijede Orsýet özüniň bu şertnamadaky gatnaşygyny doňdurdy. Häzir tutuş şu režim we proses gaflat ukusynda ýatyr diýip aýtmak mümkin. Şeýle hereketler we elbetde, Kosowonyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi 2001-nji ýyldaky raýdaşlygyň, duýgudaşlygyň uçgunlaryndan soň gatnaşyklaryň pese düşmegine getirdi.

Şonuň bilen birlikde Alekseý Arbatow Orsýetiň demokratiýa we adam hukuklary bilen baglanyşykly çynlakaý meseleleriniň bardygyny-da ýatlaýar. NATO-nyň ýurtlaryna-da howpsuzlyk sferasynda Moskwa bilen dostlaşmak üçin şu zatlara göz ýummaly bolardy. Ýöne şonda, 2001-nji ýylda Brýusselde (heniz ikinji çeçen urşunyň doly ýatmandygyna garamazdan), Moskwa bilen golaýlaşmagyň planlaryny düzýärdiler. Ýene-de Kremlde prezident bolmaga şaýlanýan Putin muny ýadyndan çykaran däl bolsa gerek.

Danila Galperowiç Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG