Sepleriň elýeterliligi

Täze baş prokuror we Ýokary kazyýetiň başlygy


Ýaranmyrat Rejebowiç Ýazmyradow (sagda) we Amanmyrat Rejepmyradowiç Hallyýew

Ýaranmyrat Rejebowiç Ýazmyradow (sagda) we Amanmyrat Rejepmyradowiç Hallyýew

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine Ýaranmyrat Rejebowiç Ýazmyradowy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Amanmyrat Rejepmyradowiç Hallyýewi belledi.

Ýurduň hukuk goraýjy organlarynda şeýle kadrlar çalşygynyň geçirilmegine Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Çary Hojamyradowyň saglyk ýagdaýy zerarly öz wezipesinden çekilmegi sebäp boldy.

Çary Hojamyradow geçen ýylyň 25-nji iýunynda hem, saglyk ýagdaýy zerarly öz wezipesinden wagtlaýynça çetleşmeli bolupdy. Az salymdan, ýagny 2010-njy ýylyň 28-nji awgustynda ol ýene-de ýurduň baş prokurory wezipesine gaýdyp gelipdi. Şol aralykda Türkmenistanyň baş prokurory wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeklik Amanmyrat Hallyýewiň üstüne ýüklenipdi.

Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine ýurduň ozalky ýokary kazyýetiniň başlygy Ýaranmyrat Ýazmyradow bellenildi. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine bolsa, Türkmenistanyň baş prokurorynyň ozalky birinji orunbasary Amanmyrat Hallyýew bellenildi.

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Berdimuhamedow täze bellenen baş prokurora ilkinji nobatda ýurt boýunça ýygnalan galla hasylynyň talaba laýyk saklanylyşyny we elewatorlary gurmak boýunça işleriň alnyp barlyşyny seljerip, olaryň netijesi barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Degişli kanunçylyk

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 12-nji bölümine laýyklykda Türkmenistanyň prezidenti Mejlis bilen ylalaşyp, Ýokary kazyýetiň başlygyny, baş prokurory, içeri işler ministrini, adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar.

Ýurduň Baş kanunynyň 63-nji maddasynyň 7-nji bölümine laýyklykda Mejlis Türkmenistanyň prezidentiniň teklibi boýunça Ýokary kazyýetiň başlygyny, baş prokurory, içeri işler ministrini, adalat ministrini wezipä bellemek we olary wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaýar.

Türkmenistanyň Prokuraturasy hakyndaky kanunyň 15-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň baş prokurory şu ýagdaýlarda wezipesinden boşadylýar: öz möhletiniň tamamlanmagy, wezipe borçlaryna laýyk gelmeýän hereketleri amala aşyrmagy, saglyk ýagdaýy sebäpli gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy, başga wezipä geçmegi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG