Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde çaga zorlanlara garşy jeza güýçlendirilýär


Sişenbe güni Orsýetiň Döwlet Dumasy çaga zorlamak bilen baglanyşykly kanunçylygy has güýçlendiriji üýtgetmeleri kabul etdi. Döwlet Dumasy bu baradaky üýtgetmeleri birinji okaýyşlykda biragyzdan tassyklap, ony ýurduň prezidentiniň tassyklamagyna ýollady.

Bu täze kanunçylyk üýtgetmeleri ozal bir gezek 14 ýaşdan kiçi çagany jynsy taýdan zorlan adamyň ikilenji gezek bu işi gaýtalan halatynda, ony ömürlik türme tussaglygyna höküm etmekligi ýa-da ony himiki ýol bilen kastrirlemegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem, bu kanuny proýekt çaga zorlanlaryň möhletinden öň türmeden çykmak şertlerini-de has çäklendirýär. Parlamentiň aşaky palatasynyň kabul eden bu üýtgetmelerini indi ýokarky palata we prezident hem tassyklamaly.
XS
SM
MD
LG