Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýa rezolýusiýasyna Orsýet bilen Hytaý weto goýdy


Sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýanyň režimine garşy sese goýlan rezolýusiýanyň taslamasyna Orsýet bilen Hytaý weto goýdy.

Siriýanyň režiminiň ýurtdaky protestçilere garşy harby güýç ulanmagyny bes etmegini talap edýän we Siriýanyň häkimiýetlerine garşy temmi beriş çärelerini ulanmagy göz öňünde tutýan bu rezolýusiýanyň taslamasy Ýewropa ýurtlary tarapyndan taýýarlanypdy.

Bu rezolýusiýanyň taslamasyny BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 9 agzasy goldap, 4 agzasy oňa ses bermekden saklandy we diňe Orsýet bilen Hytaý oňa garşy ses berdi.

ABŞ-nyň BMG-däki wekili Suzan Raýs bu rezolýusiýanyň taslamasyna weto goýulmagyna öz hökümetiniň uly alada bildirendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG