Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýewiň giýewsine ötünç soramagy üçin wagt berildi


Sişenbe güni gaýry ýurtlardan göçüp baran gazaklaryň hukugyny goraýjy guramalar prezident Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýewden özüniň kemsidiji çykyşy üçin ötünç soramagy talap etdiler.

Gazagystanyň “Samruk Kazyna” atly iň baý maliýe fondunyň başlygy Timur Kulibaýew geçen hepdäniň penşenbe güni eden çykyşynda iş taşlaýyş yglan eden nebitçileriň liderleriniň keseden gelen, ýagny, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen gazaklardygyny aýdyp, olaryň milli mertebesini peseltmäge çalyşdy.

Daşary ýurtlardan Gazagystana göçüp baran ýüz müňlerçe gazaklaryň hukugyny goraýjy guramalaryň wekilleri sişenbe güni Almaty şäherinde geçiren maslahatlarynda bu bolan waka boýunça ötünç soramagy üçin Timur Kulibaýewe bir hepde möhlet berýändiklerini yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG