Sepleriň elýeterliligi

Özbek çagalarynyň zähmeti ÝB ylalaşygyny petikledi


Çaklamalara görä, her ýyl sentýabrdan dekabra çenli Özbegistanyň pagta meýdanlarynda 9-15 ýaş aralygyndaky çagalaryň 200 müňden iki milliona çenlisi bikanun işledilýär.

Çaklamalara görä, her ýyl sentýabrdan dekabra çenli Özbegistanyň pagta meýdanlarynda 9-15 ýaş aralygyndaky çagalaryň 200 müňden iki milliona çenlisi bikanun işledilýär.

4-nji oktýabrda Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler boýunça komitetinde Özbegistandan tekstili satyn almagy ýeňilleşdirjek söwda ylalaşygy makullanmady. Muňa Özbegistanda henize çenli-de çaga zähmetiniň ulanylýandygy baradaky maglumatlar sebäp boldy. Söwda ylalaşygyna gol çekmek üçin ÝP Zähmet boýunça halkara guramanyň Özbegistanda çaga zähmetiniň ulanylmaýandygyny tassyklamagyna garaşýar. Özbegistan pagta öndürmek we ony işlemek boýunça dünýäde bäşinji orny eýeleýär.


4-nji oktýabrda Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler boýunça komitetinde Özbegistan bilen 1999-njy ýylda gol çekilen “Ýaranlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň” çäginde özbek tekstilini Ýewropa ýurtlaryna getirmegi aňsatlaşdyrýan söwda şertnamasy tassyklanmady. Bu şertnamanyň çäginde özbek pagtasynyň importy üçin ýewropa ýurtlarynda kesgitlenen tarifler azaldylmalydy. Häzir Ýewropa Bileleşigine zerur bolan pagtanyň dörtden bir bölegi Özbegistandan satyn alynýar.

Özbegistan pagtany ýetişdirmekde dünýäde bäşinji orny eýeleýär. Pagtanyň eksporty boýunça bolsa bu ýurt dünýä boýunça üçünji iň iri ekportçy hasaplanýar.

ÝP-niň deputatlary, Özbegistanda çaga zähmeti ulanylýarmy ýa-da ýok, halkara guramalary tarapyndan munuň barlanmagyny talap etdiler. Diňe şol şertde parlamentde Özbegistan bilen söwda şertnamasyna gaýtadan garaljakdygy habar berilýär.

Deputatlar özbek häkimiýetleriniň halkara synçylaryna, şol sanda Zähmet boýunça halkara guramanyň (ILO) agzalaryna, ýurduň pagta meýdanlarynda çaga zähmetiniň ulanyp-ulanylmaýandygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik döredilmelidigini aýdýarlar. Diňe şeýle ýakyn monitoringiň netijesi taýýar bolansoň, bu şertnama täzeden garalar.

Ýewropa Parlamentinde Fransiýa wekilçilik edýän Nikol Kiil-Nielson Azatlyk Radiosyna parlamentde gelnen bu ylalaşygyň özüni kanagatlandyrýandygyny aýtdy: “Ýewropa Bileleşigi çaga zähmetiniň ulanylmagyny kabul edip bilmez. Bu meselede hemme zat anyklaşdyryldy, düşnüksiz zat ýok, meni şeýle ylalaşyk kanagatlandyrýar”.

200 müňden iki milliona çenli

Şeýle hem Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Zähmet boýunça halkara gurama Özbegistanda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň we ilaty mejbur edip işletmegiň öňüni almak boýunça işleriň geçirilişine, şeýle-de ýurtda reformalaryň amala aşyrylmagyna we şol reformalaryň netijeliligine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Özbek häkimiýetleri ilatyň zorluk bilen işe çekilmeýändigini, pagtany ösdürip ýetişdirmek bilen maşgala fermalarynyň meşgullanýandygyny aýdýarlar. Şeýle hem Daşkent Günbatary ynandyrmak maksady bilen Zähmet boýunça halkara guramanyň Çaga zähmeti we işe almak üçin çagalaryň minimal ýaşy baradaky konwensiýalaryna gol çekdi.

Muňa garamazdan, halkara guramalar pagta ýygymy döwründe ýurda halkara synçylarynyň gelmegine özbek häkimiýetleriniň päsgelçilik döretmeginden aladalanýarlar.

Çaklamalara görä, her ýyl sentýabrdan dekabra çenli Özbegistanyň pagta meýdanlarynda 9-15 ýaş aralygyndaky çagalaryň 200 müňden iki milliona çenlisi bikanun işledilýär.

Özbek hökümeti pagta önümçiliginiň köp bölegine gözegçilik edýär. Hut şol sebäpli-de bu öňümçiligi arzan işçi güýji bilen üpjün etmek üçin mekdep okuwçylarynyň pagta meýdanlaryna sürülýändigi habar berilýär. ÝP-de Fransiýa wekilçilik edýän deputat Kiil-Nielson bu barada şeýle diýýär: “Özbegistanda çagalary zorluk bilen işletmek ýörite gurnalýar. Çagalar pagta meýdanyna getirilip, olary şol ýerde işledýärler. Çagalar ýaramaz şertlerde ýaşamaga mejbur bolýarlar”.

Hukuk we realpolitika

ÝB-niň Özbegistanda çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy söwda ylalaşygyny kabul etmezligi Birleşen Ştatlaryň Özbegistan bilen bagly soňky döwürde alyp barýan syýasatyna garşy gelýär. Ýagny, ÝB adam hukuklary bilen bagly mesele boýunça Özbegistan bilen gatnaşyklaryny çäklendirýän bolsa, ABŞ öň hut adam hukuklary bilen bagly girizilen sanksiýalary ýatyrýar.

ABŞ-nyň Kongresi ýakynda Waşingtonyň özbek häkimiýetleri bilen harby hyzmatdaşlygyny çäklendirýän sanksiýasyny ýatyrdy. Bu sanksiýa ozal 2004-nji ýylda Özbegistanda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly girizilipdi.

Häzir bolsa ABŞ geljekki ýyllarda Owganystandan ýaranlyk güýçleriniň çykarylmagy meselesini we Yslamabad bilen gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagyny göz öňünde tutup, özbek häkimiýetleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga synanyşýar diýlip çaklanylýar. ABŞ günorta Pakistandaky tranzit ýollarynyň deregine Özbegistanyň territoriýasyndan geçýän marşruty harby tranzit üçin ulanmak meselesine garaýar.

ABŞ tarapyndan Özbegistana garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagy daşary ýurt operasiýalary babatda kanuny taýýarlamak üçin zerur diýlip, habar berilýar. Bu kanun babatdaky ses berişligiň şu ýylyň ahyrynda geçirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG