Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlaryň ýagdaýy nähili?


Mugallymlaryň işini kynlaşdyrýan ýene bir mesele mugallymlaryň we okuwçylaryň döwlet derejesinde geçirilýän dabaralara mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylmagydyr.
Mugallymlaryň işini kynlaşdyrýan ýene bir mesele mugallymlaryň we okuwçylaryň döwlet derejesinde geçirilýän dabaralara mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylmagydyr.

5-nji oktýabr - Mugallymlaryň Halkara güni. 1994-nji ýylda BMG tarapyndan ykrar edilen bu sene dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda her ýyl bellenip geçilýär. Bu sene Mugallymlaryň ýagdaýy boýunça BMG-niň 1966-njy ýylda ýaýradan rekomendasiýasynyň ýyl dönümine gabat gelýär. Mugallymlaryň halkara gününiň bellenmegi mugallymlaryň we bilim işgärleriniň ýagdaýyna ünsi çekmek we olaryň roluny nygtamak maksadyny göz öňünde tutýar.


Türkmenistanly käbir mugallymlar öz zähmet şertlerinden we özlerine döwlet tarapyndan berilýän ünsden hoşaldygyny aýdýarlar. Soňky döwürde regionlara duýdansyz edýän saparlarynyň çäginde prezindet Gurbanguly Berdimuhamedow, adatça, mekdeplere-de baryp görýär. Şeýle sapaklaryň mekdep mugallymlary tarapyndan begenç bilen kabul edilýänligi türkmen metbugatynda habar berilýär. Milli telewideniýede mugallymlaryň prezidentiň adyna alkyş aýdyp edýän çykyşlary görkezilýär.

Özgerişlikler

Şu günki gün Türkmenistanda döwlet tarapyndan alnyp barylýan we mugallymlary kanagatlandyrýan esasy çäreleriň biri zähmet haklaryna degişli. Soňky ýyllarda býujet işgärleriniň aýlyklary ençeme gezek ýokarlandyrylypdy. Aýlyklaryň ýylda 10% töwereginde galdyrylmagy mugallymlaryň zähmet haklaryna hem täsir ýetirdi.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew birnäçe ýyl “Mugallymlar gazetinde” işläpdi. Ol soňky döwürde mugallymlaryň iş şertlerine degişli bolan özgerişlikler barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Mugallymlara işlemäge şert döretmekde birnäçe özgerişler boldy. Birinjiden, Türkmenistanda mugallymlaryň aýlygy region derejesinde alnanda, umuman, erbet däl. Mugallymlaryň bir stawka iş haky ortaça 250 dollar çemesi. Ýene bir bellemeli ýagdaý Türkmenistanda soňky döwürde dünýä talaplaryna laýyk mekdepler gurulýar, olarda kompýuter oturdylýar, internete çatylýar.

Kynçylyklar

Muňa garamazdan, mekdeplerde bilim beriş prosesine degişli birnäçe kynçylyklar we nogsanlar şu günki güne çenli saklanyp galýar. Azatlyk Raidosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly mugallymlar şu okuw ýylyndan başlap käbir synplarda ene dili we matematika sapaklarynyň sagadynyň azaldylmagyna gynanç bildirdiler. Emma berilýän bilimiň hilini çäklendiriji bu düzgün girizilen hem bolsa, täze okuw kitaplary çap edilmedi. Bu ýagdaý hem mugallymlaryň işini kynlaşdyrýar.

Girdigiçe çäklendirilýän okuw sagatlarynyň ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” eserine sarp edilmegi-de mugallymlarda nägilelik döredýär.

Mugallymlaryň işini kynlaşdyrýan we iş ýüzünde okuw sapaklary çäklendirip, okuw prosesinde uly bökdençlikleri döredýän ýene bir mesele mugallymlaryň we okuwçylaryň döwlet derejesinde geçirilýän dabaralara mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylmagydyr. Bugaýew şeýle çärelere hut mugallymlaryň ilkinji nobatda çekilýändigini aýdýar:

—Bu işe mugallymlar iş wagtyny we işden soňky wagtyny sarp etmeli bolýar. Häzir Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna taýýarlyklar bilen bagly şeýle çäreleriň sany köpeldi. Ýöne, umuman alynanda-da, ýurtda her aýda 100-e ýakyn köpçülikleýin medeni çäreler geçirilýär.

Tematiki neşirler

Bilim pudagyna degişli problemalaryň ýene biri mugallymlaryň professional taýýarlygyna we olaryň tejribelerini artdyrmak mümkinçiligine degişli. Synçylar bu ugurdan tematiki neşirleriň ähmiýetini nygtaýarlar.

Sowet döwründe mugallymlar üçin çap edilýän neşirleriň ençemesi bardy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda diňe “Mugallymlar gazeti” çap edilýär. Öz döwründe bu gazetde işlän Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, şu günki gün bu neşriň aň-bilim ýaýradyjy we magaryfçylyk roly gowşady:

—Gazet öňki ýyllarda bolşy ýaly mugallymlaryň iş tejribesini, öňdebaryjy bilim tejribesini wagyz etmek bilen meşgullanman, propaganda bilen meşgullanýar. “Mugallymlar gazeti” döwlet tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasy propagandasynyň mehanizmine öwrüldi.

Soňky ýyllarda Türkmenstnda bilim pudagyna degişli birnäçe kararlar kabul edildi. 2009-njy ýylda “Bilim barada” täze kanun işe girizildi. Oňa laýyklykda, ýurtda hususy bilim edaralaryny döretmäge rugsat berildi. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň prezidenti kadrlaryň professional derejesine degişli permana hem gol çekdi. Täze permana laýyklykda, bilim ugrundan iş alyp barmak isleýänlere lisenziýalaryň berilmegine degişli işe berk gözegçilik ediler.
XS
SM
MD
LG