Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidentiniň janyna kast ediljek bolupdyr


Çarşenbe güni Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri owgan prezidentiniň janyna kast etmeklige taýýarlyk görenlikde güman edilýän 6 adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Owganystanyň howpsuzlyk resmileri bu gürrüňi edilýän toparyň prezident Hamid Karzaýyň janpenalaryndan birini bu işe çekip, oňa tälim berendiklerini aýdýarlar.

Ýurduň Milli howpsuzlyk edarasynyň metbugat sekretary bu gürrüňi edilýän toparyň düzüminde mugallymlar we studentler ýaly ýokary bilimli adamlaryň-da bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG