Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB azeri aktiwistleriniň tussag edilmegine alada bildirýär


Çarşenbe güni Ýewropa Geňeşi şu ýylyň aprelinde Azerbaýjanda demonstrasiýa geçirmäge synanyşan aktiwistlerden birnäçesiniň ýakynda türme tussaglygyna höküm edilmegine alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Bu baradaky beýanatda Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Torbjoern Jagland “Söz we ýygnak azatlygynyň ýok ýerinde, demokratiýa hakda gürrüň hem bolup bilmez” diýip nygtapdyr we azerbaýjanly aktiwistleriň tussaglyga höküm edilmegine öz aladasyny bildiripdir.

Azerbaýjanyň sudy 3-nji oktýabrda bu gürrüňi edilýän mesele bilen bagly dört aktiwisti türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG