Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň içalysy Orsýetde tussaglykda saklanýar


Çarşenbe güni Orsýetiň Federal howpsuzlyk býurosy Hytaýyň bir raýatynyň içalyçylykda aýyplanyp, Orsýetde tussaglykda saklanýandygyny mälim etdi.

Federal howpsuzlyk býurosynyň aýtmagyna görä, Hytaýyň raýaty Tong Şengýongyň işi Moskwanyň şäher suduna geçirilipdir.

Tong Şengýong Orsýetiň ýer-howa görnüşindäki “S-300” kysymly gorag raketalarynyň tehniki syrlaryny ele salmaga synanyşanlykda aýyplanylýar.

Bu gürrüňi edilýän raketelary Hytaý Orsýetden indi köp ýyllar bäri satyn alyp gelýär. Ýakynda Moskwa halkara basyşlary netijesinde özüniň bu gorag raketalaryny Eýrana we Siriýa satmagyny bes etdi.
XS
SM
MD
LG