Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Yragyň demirgazygyndaky operasiýalaryny dowam etdirer


Çarşenbe güni Türkiýäniň parlamenti Yragyň demirgazyk regionynda kürt söweşijilerine garşy harby operasiýalaryň alnyp barylmagyna rugsat beriji kararyň möhletini ýene uzaltdy.

Bu baradaky karar ilkinji gezek 2007-nji ýylda kabul edilipdi we şondan bäri onuň möhleti ençeme gezek uzaldylypdy.

Şu ýylyň awgustyndan bäri Türkiýäniň harby güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Kandyl daglarynda gizlenýän kürt söweşijilerine garşy howa operasiýalaryny has-da güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG