Sepleriň elýeterliligi

Stiw Jobs 56 ýaşynda aradan çykdy


“Apple Inc” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri, tehnologiýa älemine iPod, iPad, iPhone enjamlaryny we Makintoş kompýuterlerini gazandyran Stiw Jobs 56 ýaşynda aradan çykdy.



“Apple” onuň ýogalandygy baradaky habary 5-nji oktýabrda yglan etdi, onuň ölümine nämäniň sebäp bolandygy barada anyk zat aýdylmady. Emma Jobsuň ýakynlaryna salgylanylyp çap edilen maglumatlarda onuň rak keseliniň garnasty mäzinde seýrek duş gelýän görnüşinden ejir çekendigi aýdylýar. Ol “Apple” kompaniýasynyň baş müdiri wezipesinden çekilmezinden öň, keseli sebäpi ençeme gezek işine ara beripdi.

“Şu gün Stiw Jobsuň ýogalandygyny çuňňur gynanç bilen habar berýäris” diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar. “Stiwiň ýiti akyly, yhlasy we gaýraty biziň ählimiziň durmuşymyzy baýlaşdyran we özgerden birgiden oýlap tapyşlaryň ylham çeşmesi bolupdy. Stiw bilen dünýä ýaşamak üçin has gowy ýere öwrüldi”.

Stiwiň dünýäden ötendigi baradaky habardan az salym soň, “Apple” kompaniýasynyň web sahypasynda Jobsuň ak-gara reňkli suraty ýerleşdirildi, “Stiw Jobs, 1955-2011” diýlen ýazgy peýda boldy.

Suratyň üstüne basanyňda “‘Apple’ kompaniýasynyň täze baş müdiri Tim Kugyň aýdanlary ekrana çykýardy. “Apple öňdengörüji we dörediji genini ýitirdi, dünýä ajaýyp adamy ýitirdi” diýlip, ol ýerde ýazylýardy. “Stiwi tanamak we onuň bilen işleşmek bagtyna miýesser bolan adamlar gadyrly dostuny we ylham beriji halypasyny ýitirdi. Stiw diňe özi tarapyndan döredilip bilinjek kompaniýany miras goýdy, onuň ruhy hemişe ‘Apple’ kompaniýasynyň binýady bolup galar”.

Jobs 2004-nji ýylda rak keselinden ejir çekip başlady, 2009-njy ýylda oňa başga bagyr oturdyldy. Ol şondan öň anyk yglan edilmedik saglyk ýagdaýy sebäpli ençeme gezek işine ara bermeli bolupdy.

Geçen ýanwar aýynda ol ýene-de, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp başlandan bäri üçünji gezek, işine ara berdi. Alty hepde mundan öň bolsa kompaniýanyň baş müdiri wezipesinden çekildi. Jobs baş müdirlik wezipesini Kuga bermegi karar etdi, özi bolsa başlyk bolup galdy.

“Men hemişe bir zady aýdýardym: eger-de men bir gün “Apple” kompaniýasynyň baş müdiri wezipesini ýerine ýetirmekden ejiz gelsem, muny size ilki bilen men aýdaryn” diýip, ol kompaniýa tarapyndan ýaýradylan hatda aýdýardy. “Gynansagam, şol gün geldi”.

“Beýik amerikan özgerdijisi”

Onuň ölüminden soň, Ak Tam prezident Barak Obamanyň adyndan beýanat ýaýrady. “Mişel we men Stiw Jobsuň aradan çykandygyny eşidip gynandyk” diýlip, beýanatda aýdylýar. “Stiw beýik amerikan özgerdijileriniň arasyndady, başgaça pikirlenip biljek derejede batyrdy, dünýäni üýtgedip biljekdigine ynanyp biljek derejede gaýduwsyzdy we ony amala aşyryp biljek derejede zehinlidi. Garažda oturan ýerinden dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biriniň düýbüni tutmak bilen, ol Amerikan ussatlygynyň ruhyny iş ýüzünde görkezdi”.

Jobs şahsy kompýuterlerden başlap smartfonlara çenli gündelik durmuşda ulanylýan ýokary tehnologiýaly özgerişlikleriň täze eýýamyna ýol açan öňdengörüji ynsan hökmünde adamlaryň ýüreklerinde baky ýaşar.

“Meniň deň-duşlarymyň köpüsi üçin iPod ullakan işdi” diýip, “Apple” kompaniýasynyň edara binasynyň we dükänlarynyň daşynda jemlenişen Silikon jülgesiniň işgärleri we müşderiler bilen duran Fred Welez aýdýar. “Özüňiz bilýäňiz, ol bir nyşandy, diňe bir amerikan nyşany hem däl, dünýäniň nyşanydy”.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 2010-njy ýylyň iýun aýynda Birleşen Ştatlara sapar edýän mahaly Jobs bilen duşuşypdy. Medwedew özüniň “Twitter” hasabynda Jobsuň ölümine gynanç bildirip, şeýle ýazdy: “Stiw Jobs ýaly adamlar biziň dünýämizi üýtgedýär”.

Moskwada “Apple” kompaniýasynyň önümlerini satuwa çykarýan dükanyň daşynda duran Ilýa hem bu pikir bilen ylalaşýar.

“Özüňiz bilýäňiz, ol tutuş dünýäniň adamlaryna etdiresi gelýän zadyny etdirmegi başaran adamdy” diýip, “Reuters” onuň sözlerine salgylanýar. “Ol tabletler we telefonlar boýunça esasy ugry kesgitleýärdi. Indi kompaniýa näme boljagyny bilemok, emma ol badyny ýitirer. Döwür tamamlandy, geniý indi ýok”.



Jobs “Apple” kompaniýasyny özüniň orta mekdepde bile okan dosty Stiw Wosniak bilen 1976-njy ýylda Silikon jülgesinde ýerleşýän garažda gurdy.

Kompaniýa özüniň irki abraýyny “Apple II” öý kompýuterleri bilen gazandy. Ondan soň ol kommersiýa taýdan iň şowly şahsy kompýuter bolan Makintoşy oýlap tapdy, 1984-nji ýylda peýda bolan bu kompýuterde syçanjyk bardy.

2005-nji ýylyň iýun aýynda Stenford Uniwersitetiniň uçurym goýberiliş dabarasynda çykyş eden Jobs şol ýyllary şeýle ýatlapdy: “Wozniak we men “Apple” işlerine ene-atamyň garažynda 20 ýaşymdakam başladyk. Biz köp işledik, 10 ýylyň içinde “Apple” garažda oturan iki adamdan 4,000 işgäri bolan 2 milliard dollarlyk kompaniýa öwrüldi. Biz şondan bir ýyl öň özümiziň iň gowy önümimizi – Makintoşy bazara çykarypdyk, men bolsa ýaňy 30 ýaşapdym”.

Şondan soň “Apple” kompaniýasynyň biznesi haýallady. 1985-nji ýylda Jobs kompaniýany terk etdi, ol özüniň kärdeşleri, şeýle hem şol wagtky baş direktor Jon Skalleý bilen oňuşmandy.

Soňra Jobs iki sany firma üçin işläp başlady: kompýuter öndüriji “Next” we kompýuter-montaž studiosy “Pixar”. 2006-njy ýylda “Disneý” “Pixar” firmasyny 7,4 milliard dollara satyn aldy. Bu söwda Jobsy “Disneý” kompaniýasynyň iň uly şahsy paýdaryna öwürdi.

1996-njy ýyla çenli, “Apple” özüniň operasion sistemasy üçin “Next” kompaniýasyny satyn aldy. Şol wagtlar “Apple” maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýärdi, kompaniýa özüniň bazar paýynyň köp bölegini “Microsoft Windows” programmalaryny ulanýan şahsy kompýuterlere aldyrypdy.

iRewolýusiýa

Özüniň gatnaşmagynda esaslandyrylan kompaniýa 1997-nji ýylda dolananda, Jobs önümçilik toparynyň başlygy boldy we kompaniýanyň jemgyýetdäki tanymal şahsyýeti boldy, ençeme şowly önümleriň döredijisi boldy, saz we mobil telefon senagatyny sarsdyrdy.

Jobsuň ýolbaşçylygyndaky “Apple” kompaniýasynyň ilkinji önümi bolan reňkli, plastmas iMac 1998-nji ýylda cykaryldy we ilkinji ýylynda onuň 2 million sanysy satyldy.

2001-nji ýylda firma iTunes önümlerini satuwa çykardy, ol stolüsti kompýuterlerdäki elektron saz we wideo faýllaryny düzmek, çalmak hem-de internetden sazlary we telewizion gepleşikleri indirmek üçin ulanylýardy.

Şol ýylyň ahyrynda Jobs adamlary ykjam media çalyjysy bolan iPod önümleri bilen tanyşdyrdy. Ol “jübiňde 1,000 aýdymy daşamaga” mümkinçilik berýärdi.

“Bu gaty uly zat. Siz ýola çykanyňyzda näçe gezek: “Wah, diňläsim gelýän CD-imi ýanyma almandyryn” diýdiňiz?” diýip, ol bu önümiň tanyşdyrylyş dabasynda aýdypdy. “Sazhanaňyzy tutuşlygyna we hemişe ýanyňyzda götermek mümkinçiligi saz diňlemekde kwant böwsüşdir. Emma iPod önüminiň iň gowy tarapy – siziň sazhanaňyz tutuşlygyna jübiňize sygýar”.

2007-nji ýylda duýgur ekranly iPhone önümleri peýda boldy. Dört ýylyň içinde dünýäde bu önümiň 100 million sanysy satyldy.

2010-njy ýylda Jobs adamlary inçe iPad tablet kompýuterleri bilen tanyşdyrdy. Onda stolüsti kompýuterlerde edip bolýan zatlaryň ählisini etmek mümkindi.

2010-njy ýylyň maý aýynda “Apple” “Microsoft” kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň baý ikinji kompaniýasy boldy. 2011-nji ýylyň awgust aýynda bolsa ol dünýäniň iň baý kompaniýasy “Exxon Mobilden” çalaja öňe saýlandy.

Jobs “Apple” kompaniýasynyň gazanan üstünlikleriniň aýrylmaz bölegi bolupdy.

Onuň maşgalasynyň ýaýradan ýörite beýanatynda şeýle diýilýär: “Stiw şu gün öz maşgalasynyň ýanynda aradan çykdy. Özüniň jemgyýetçilik durmuşynda Stiw öňdengörüji hökmünde tanalýardy. Özüniň şahsy durmuşynda ol maşgalasyny söýdi. Stiwiň hassalygynyň soňky ýylynda özüniň arzuwlaryny we dogalaryny paýlaşan ençeme adamlara sagbolsun aýdýarys”.

Stiwiň yzynda aýaly Lauren we dört çagasy galdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG