Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton: Howpsuzlyk Geňeşi “öz borçlaryny äsgermezlik etdi”


Siriýadaky ýagdaý barada rezolýusiýany kabul etmän, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi “öz borçlaryny äsgermezlik etdi” diýip, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton aýtdy.

Klintonyň sözerine görä, ses berişlige hödürlenen rezolýusiýa Assadyň režimi tarapyndan halka edilýän sütemlere halkara jemgyýteçiliginiň aýtmaly sözlerini özünde jemleýärdi. Dokumente weto goýan ýurtlar siriýa halky bilen düşünişmeli bolar diýip, Hillari Klinton belledi.

Rezolýusiýanyň kabul edilmegine Orsýet bilen Hytaý garşy çykdy. Orsýetiň BMG-däki hemişelik wekili Witaliý Çurkin dokumentiň proýektinde Siriýadaky işlere daşardan goşulyşylmaly däldigi barasynda hiç zat aýdylmandygyny, ýurtdaky gandöküşligiň tutuş jogapkärçiliginiň häkimiýetleriň üstüne atylandygyny aýtdy.

Siriýada mart aýyndan bäri dowam edýän protest aksiýalarynda ölenleriň sany, BMG-niň maglumatyna görä, 2,700 adamdan geçýär.
XS
SM
MD
LG