Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edebiýat boýunça Nobele şwed şahyry eýe boldy


2011-nji ýylyň edebiýat üçin Nobel baýragyna şwed şahyry Tomas Transtrýormer mynasyp boldy diýip, Şwesiýanyň Patyşalyk akademiýasynyň hemişelik sekretary Peter Engulend yglan etdi.

80 ýaşly Tomas Transtrýormer käri boýunça psiholog. Ilkinji goşgular kitaby 1954-nji ýylda çykýar. Ol biraz soň Şwesiýanyň, Germaniýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly edebi baýraklarynyň ençemesine mynasyp bolýar.

Ol goşgulardan hem proza eserlerinden ybarat 12 kitabyň awtorydyr. Onuň eserleri dünýäniň 50 töweregi diline terjime edildi.

Transtrýormeriň aljak baýragynyň pul ölçegi 10 million şwed krony ýa-da 1 million 450 müň dollardyr.
XS
SM
MD
LG