Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanlylar anti-amerikan mitingini geçirdi


Penşenbe güni 200 töweregi owganystanly Owganystana halkara güýçleriniň girizilmeginiň 10 ýyllygynyň öňüsyrasy Kabulda mitinge ýygnandy.

Protestçiler daşary ýurt goşunlaryny ýurtdan eglenmezden çykarmagy talap etdiler we anti-amerikan şygarlara gygyryp, amerikan baýdagyny ýakdylar.

Daşary ýurt goşunlarynyň Owganystana girizilmegine anna güni 10 ýyl dolýar. Waşington tarapyndan 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky territoristik aktlaryň guramaçysy hasaplanýan Osama bin Ladeni talyplar ABŞ-a bermekden ýüz öwrenden soň, Owganystana daşary ýurt goşunlary getirilipdi.

Häzir bu ýurtdaky daşary ýurt harby kontingentiniň sany 140 müň töweregi adam bolup, olaryň agramly bölegi amerikanlardyr.
XS
SM
MD
LG