Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada NATO-nyň howa hüjümleri dowam etdiriler


Kaddafiniň režminiň agdarylandygyna garamazdan, Liwiýada NATO-nyň howa hüjümleri dowam etdiriler diýip, Fransiýanyň goranmak ministri Žerar Longe penşenbe güni aýtdy

Kaddafiniň tarapdarlarynyň garşylygy doly ýatyrylýança, täze Liwiýa häkimiýetleri operasiýalary goýbolsun etmegi soraýança, bu işiň dowam etdiriljekdigini ministr habar berdi.

Liwiýada NATO-nyň howa hüjümleri mart aýynda başlanyp, şondan bäri harby obýektlere dokuz müňden gowrak zarba uruldy.

Penşenbe güni Brýusselde NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň duşuşygy tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG