Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideriniň agtygyna wiza berilmedi


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Iriň agtygyna Gonkong wizasy berilmedi diýip, “South China Morning Post” gazeti habar berdi.

16 ýaşly Kim Han Sol “United World Colleges” setiniň Gonkong halkara kollejine kabul edilenem bolsa, wiza berilmäni üçin şol setiň Bosnýa we Gersogowinadaky kollejine geçmäge mejbur boldy.

Gonkong häkimiýetleri bu habary kommentirlemese-de, Demirgazyk Koreýanyň, Nepalyň we Kombodjanyň graždanlaryna wiza berilmeýändigini tassyklady.

Kim Han Sol kakasy, Demirgazyk Koreýanyň lideriniň uly ogly Kim Çen Nam bilen öňki portugal koloniýasy, häzir Demirgazyk Koreýanyň ýörite administratiw merkezi - Makaoda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG