Sepleriň elýeterliligi

Minskide “Garaşsyz” institutynyň direktory saklandy


Penşenbe güni Minskide “Garaşsyz” sosial-ykdysady we syýasy barlaglar institutynyň direktory Oleg Manaýew saklandy.

Sosiology saklan milisiýa işgärleri özlerinde ýokardan degişli görkezmäniň bardygyny düşündirdiler. Manaýewiň saklanmagynyň sebäbi häzirlikçe belli däl.

Geçen hepde Manaýewiň instituty Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň reýtinginiň barlaglaryň dowam edýän 17 ýylynyň içinde iň pes derejä düşendigi baradaky maglumaty çap etdi.

Lukaşenkonyň reýtinginiň şeýle derejä ýetmegi Belarusdaky ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG