Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: IIM–iň jemgyýetçilik geňeşiniň düzümi belli boldy


Orsýetiň Içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew ministrligiň ýanyndaky jemgyýetçilik geňeşiniň düzümini yglan etdi.

Ministrligiň saýtynda çap edilen maglumatda geňeşe Moskwa Helsinki toparynyň ýolbaşçysy Lýudmila Alekseýewanyň, Jemgyýetçilik palatasynyň agzalary Genri Reznik bilen Anatoliý Kuçerenanyň, Moskwa we Peterburg uniwersitetleriniň rektorlary Wiktor Sadowniçiý bilen Nikolaý Kropaçewiň, şeýle-de žurnalistleriň, medeniýet işgärleriniň girendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG