Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: türkmen hökümeti žurnalisti dymdyrmak isleýär


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň türme tussaglygyna höküm edilmegi baradaky wakany adam hukuklaryny goraýjy guramalar, metbugat we söz azatlygy boýunça iş alyp barýan toparlar berk tankyt edýärler.

“Biz bu çärä garaşsyz žurnalisti dymdyrmak üçin edilýän tagalla hökmünde baha berýäris. Biz resmi Aşgabatdan jenap Ýazgulyýewiň hiç hili şertsiz azat edilmegini talap edýäris” diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça Komitetiň (CPJ) wekili Nina Ognýanowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Türkmen žurnalisti we edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji bendi boýunça 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol madda görä, “adama haýbat atmak, töhmet atmak, çydamsyz güne salmak ýa-da onuň şahsy mertebesini birsyhly kemsitmek bilen, ony öz-özüňi öldürmäge mejbur edene ýa-da öz-özüňi öldürmek kastyna düşürene bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär”.

Žurnalist Ýazgulyýewiň maşgala agzalary, oňa bildirilen günäniň toslap tapylan aýyplamadygyny aýdýarlar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy hem Ýazgulyýewiň žurnalistik işleri sebäpli şeýle basyşlara sezewar edilýändigine ynanýar.

Žurnalistleri goramak boýunça Komitetiň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça programmalaryny dolandyryjy Nina Ognýanowa hem Ýazgulyýewiň Abadanda bolan partlamalar we Türkmenistanda ynjyk diýlip hasaplanýan beýleki temalar barada makaladyr habarlary ýazany üçin şeýle yzarlamalara sezewar edilenligine ynanýanlygyny aýdýar: “Bu aýypalamalar şol möhüm habarlary halk köpçüligine ýetirenligi üçin žurnalistden ar almak maksady bilen ýöňkelýäne meňzeýär. Sebäbi Türkmenistanyň şol habarlary gizlemek isleýänligi juda anykdy”.

Ognýanowa aýratynam Döwletmyrat Ýazgulyýewiň tussag edilmegi we suda çekilmegi baradaky proseslere syn edilende, bu çäreleriň ählisi hökümetiň ony dymdyrmaga synanyşýanlygyny ýüze çykarýar diýen pikirde.

Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýaşaýan 43 ýaşly Döwletmyrat Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda tussag edilipdi. 4-5-nji oktýabrda geçirilen sud diňlenişiklerinde žurnalist Ýazgulyýewiň aklawçysynyň hem bolmanlygy aýdylýar.

Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň wekili Nina Ogniýanowa türkmen hökümetinden žurnalist Ýazgulyýewi azat etmegi talap etmek bilen, bu ugurda halkara jemgyýetçiliginiň hem oýnap biljek rolunyň bardygyny belleýär: “Halkara jemgyýetçiligi diňe öz işi bilen meşgullanýan şol žurnalistiň azat edilmegi üçin türkmen ýolbaşçylaryna basyş edip biler”.

Žurnalist Ýazgulyýewiň sud işleri barada hem halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetine dürli çagyryşlar bilen ýüzlenipdiler. Emma şol çagyryşlar äsgerilmän, žurnaliste 5 ýyl iş kesilendigi yglan edildi. Netijede resmi Aşgabat Ýazgulyýewiň azat edilmegi baradaky häzirki çagyryşlara gulak asarmy diýlen soraga häzirlikçe anyk jogap bermek kyn.
XS
SM
MD
LG