Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dunýa Miýatowiçe türkmen salamy


ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (sagda) Türkmenistanyň wise-premýeri, ýurduň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşýar, Aşgabat, 19-njy sentýabr, 2011-nji ýyl.
ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (sagda) Türkmenistanyň wise-premýeri, ýurduň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşýar, Aşgabat, 19-njy sentýabr, 2011-nji ýyl.
"Türkmen inisiatiwasy" topary

Sentýabryň ahyrynda ÝHHG-niň (OSCE) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygy meseleleri boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Türkmenistana sapar etdi.

Oktýabryň başynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýew tussag edildi hem-de 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Şol bir wagtyň özünde bada-bat Aşgabatdan dolanyp geleniniň yzysüresi Dunýa Miýatowiç şeýle diýipdi:

“Häkimiýetiň wekilleri gepleşikleriň barşynda hökümetiň meniň Býurom bilen konstruktiw söhbede girmäge hem-de biziň hyzmatdaşlygymyzy täze derejä çykarmaga taýýardygyny ynandyrdylar. Men ýakyn wagtlarda biziň önjeýli netijeleri görjekdigimize ynanýaryn”.

Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew munuň netijesini gaty basym, bary-ýogy birnäçe gün geçenden soň özünde duýdy. Ol gözenegiň aňyrsyna düşdi.

Indi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG), hut hanym Miýatowiçiň özi üçin türkmen žurnalistini tussaglykdan boşatmak üçin göreşmek borç we abraý bolup durýar. Munuň üçin adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary (TIHR) hem öz tarapyndan ähli tagallalary görer.

Ýöne häzirki ýagdaýda ÝHHG-ä we beýleki halkara strukturalaryna başga zatlar barada duýdurasymyz gelýär. Haçan-da Türkmenistan belli bir ädim ätdi diýlip aýdylanda (“Indi Türkmenistanda hökümete garaşly bolmadyk gazetiň bardygy öwgä mynasypdyr” diýip, D.Miýatowiç aýtdy) we ondan “hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykaryna” garaşylanda, dereje ozalkysyndan ýokary bolar diýip tama etmek hökman däldir. Gaýtam, tersine, türkmen häkimiýetleri bu derejäni pese düşürmek bilen bolýarlar.

ÝHHG-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň meseleleri boýunça býurosy Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri boýunça kanunçylygy liberallaşdyraryna we Internete has giň möçberde girmäge mümkinçilik bererine garaşypdy, oňa derek nobatdaky žurnalist tussag edildi. Indi bu halkara gurama diňe bir “konstruktiw dialog” bilen çäklenmän, eýsem anyk iş bilen meşgullanmaly—Döwletmyrady halas etmegiň gamyny iýmeli.

D.Miýatowiç: “Meniň üçin Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygyny kabul etmek we bu ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygy bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada elin habar almak uly hormat boldy”.

Habar aldyňyzmy? Goluňyzy çekäýiň.

Blog düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary tarapyndan ýazyldy we ilki başda onuň öz neşirinde çap edildi. Blogdaky pikirler we garaýyşlar guramanyň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG