Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Matam gününi belledi


Aşgabatda Matam güni, 2011-nji ýylyň 6-njy oktýabry.

Aşgabatda Matam güni, 2011-nji ýylyň 6-njy oktýabry.

6-njy oktýabrda Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde pida bolanlaryň Matam güni bellenilip geçildi. Hatyra gününde Aşgabatda hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda sadakalar berildi.


Hatyra çäreleriniň esasysy ýurduň resmi ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtyň eteginde ýerleşýän Gypjak obasyndaky memorial toplumda geçirildi. Oňa döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

63 ýyl mundan ozal 5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilen gijede bolan tebigy heläkçilik Aşgabady ýer bilen ýegsan edipdi. Emma SSSR döwründe Aşgabat ýer titremesinde weýrançylygyň möçberi, heläk bolanlaryň sany azaldylyp görkezilipdi.

Hatyra çärelerine döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Hatyra çärelerine döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, 1948-nji ýylyň aýylganç tebigy heläkçiliginde pida bolanlaryň hormatyna Milli matam güni bellenilip başlandy hem-de şol gün iş güni ýatyryldy.

Resmi ýagdaýda 1948-nji ýylyň ýer titremesinde heläk bolanlaryň sanynyň 176 müň adamdygy barada aýdylýar. Bu maglumatlary ilkinji gezek Saparmyrat Nyýazow özüniň “Ruhnama” kitabynda getiripdi. Kitabyň 42-nji sahypasynda şol döwür paýtagtda 198 müň adamyň ýaşandygy, olaryň 176 müňüsiniň tebigy heläkçilikde gurban bolandygy barada ýazylan. Ýöne Saparmyrat Nyýazowyň öz kitabynda getirýän bu sanlaryny tassyklaýan başga bir çeşme ýok.

Aşgabadyň ulalmagy bilen, ýer titremede şehit bolanlaryň gonamçylyklary paýtagtyň merkezine düşdi. Gonamçylyklar şäher häkimligi tarapyndan gözegçilikde saklanylýar. Şol gonamçylyklaryň hersiniň ýanynda kiçiräk ýadygärlikler bar. Hatyra gününde paýtagtlylar ol ýadygärliklere gül desselerini goýmaga barýarlar.

1997-nji ýylda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Aşgabat ýer titremesinde heläk bolanlaryň hatyrasyna paýtagtda hem-de öz dogduk obasy Gypjakda memorial ýadygärlikleri gurdurdy. Ol ýadygärliklerde Saparmyrat Nyýazowyň özi, onuň doganlary hem-de ejesi simwoliki şekillendirilen. Nyýazow Aşgabat ýer titremesinde iki doganyndan hem-de ejesinden jyda düşüpdi.

Saparmyrat Nyýazowyň döwründe 6-njy oktýabr güni onuň şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülipdi. Matam gününde ýurduň mediasy, esasan Nyýazowyň gurban bolan ýakynlary hakda söhbet edýärdi. Hatyra gününde gül desseleri Nyýazowyň ýakynlarynyň hormatyna gurlan ýadygärliklere goýlardy.

Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem ýer titremesinde wepat bolandygy barada ýerli mediada yzygiderli çykyşlar berilýär. Ýöne Berdimuhamet Annaýewiň kulty Saparmyrat Nyýazowyň hossarlarynyňkydan häzir has pesde.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG