Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: žurnalisti we aktiwisti ýençmekde aýyplanýanlar sud edilýär


Penşenbe güni Bakuwda amerikan žurnalistiniň hem-de britaniýaly aktiwistiň ýenjilmeginde aýyplanýan dört adamyň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Amerikaly žurnalist Amanda Erikson bilen britaniýaly ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist Seliýa Dewies şu ýylyň 15-nji iýunynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde özlerini dört sany ýerli oglanyň ýenjendiginden şikaýat edipdiler.

Bu bolan işde bakuly 20 we 22 ýaş aralygyndaky dört oglan aýyplanylýar. Olar bu jenaýat aýyplamasynda günäli tapylan halatynda, olara 3 ýyl bilen 7 ýylyň aralygynda türme tussaglygynyň berilmegi mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG