Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan bilen Azerbaýjan birek-biregi aýyplaýar


Penşenbe güni Ermenistan bilen Azerbaýjan dawaly Daglyk-Garabag regionynyň golaýynda öz esgerleriniň ölümi bilen baglanyşykly birek-biregi aýyplap çykyş etdiler.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi penşenbe güni ermeni esgerleri bilen atyşykda Azerbaýjanyň iki sany esgeriniň ölendigini mälim etdi we bu wakada Ermenistan tarapyny günäkärledi.

Ermenistanyň Daşary işler ministrligi hem bir ermeni esgeriniň ölüp, ýene ikisiniň ýaralanmagynda Azerbaýjan tarapyny aýyplady.
XS
SM
MD
LG