Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewropanyň banklaryna ne döw çaldy?


Germany -- The sun is reflected on the facade of the European Central Bank ECB Tower, seen through the Euro symbol, in Frankfurt, 06Aug2009

Germany -- The sun is reflected on the facade of the European Central Bank ECB Tower, seen through the Euro symbol, in Frankfurt, 06Aug2009

Iki ýyl mundan ozal Gresiýanyň hökümeti ilkinji gezek özüniň bankrot bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny boýun alanda, bu täzelik ýewro pul birligini ulanýan ähli Ýewropa ýurtlaryna sarsdyryjy täsir edipdi.

Indi bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň Gresiýa uly derejede kredit kömegini berýändigine-de garamazdan, bu ýurduň maliýe problemasynyň keşigi dowam edýär we onuň ýaramaz täsirleri Ýewropanyň edil merkezine urgy urýar.

"Dexia" bankynyň baş edarasy, Brýussel.

"Dexia" bankynyň baş edarasy, Brýussel.

​Şu üstümizdäki hepde iň uly Fransuz-Belgiýa banklaryndan biri bolan “Dexia” banky bu ýüze çykan problemalar sebäpli bankrot bolmak howpunyň gyrasynda bolup çykdy. Muňa sebäp bolan esasy zatlardan birem onuň Gresiýa uly möçberde karz bermegi, Gresiýanyň bolsa bu karzlary öz möhletinde yzyna tölemäge ukypsyz bolup çykmagy boldy.

Gresiýa berilýän karzlaryň häzir bähbitsiz karza öwrülmeginiň sebäplerinden birem Ýewropa Bileleşiginiň Gresiýa üçin uly eglişige gitmegidir. Bu eglişigiň şertine görä, indi Gresiýa karz berýän fondlar, ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende, 21 prosent az girdeji almaly bolýarlar.

Bankrot bolmak howpy astyna düşen “Dexia” bankyny bu howpdan häzirlikçe Fransiýa bilen Belgiýanyň hökümetleriniň bu banka soňky pursat maliýe kömegini bermäge razy bolmaklary halas etdi.

Emma Gresiýa karz beren beýleki Ýewropa banklarynyň-da şeýle problema bilen ýüzbe-ýüz bolmaklarynyň mümkindigi baradaky gorky tutuş dünýäniň maliýe bazarlaryna öz ýaramaz täsirini ýetirdi we maliýe indeksleriniň wagtlaýynça pese gaçmagyna sebäp boldy.

Çözgütleriň gözlegi

Maliýe indeksleriniň pese gaçmagy diňe bir inwestorlaryň aladasyny artdyrmak bilen hem çäklenmedi. Emele gelen bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň liderlerini indi täze çözgütleriň gözlegine iterdi we indi olar Gresiýadaky krizise özleriniň çykalga tapyp bilýändiklerini subut etmeli bolup durlar.

Ýewropa liderleriniň ýagdaýdan çykalga tapmak ugrunda täzeden billerini guşamaklary tutuş ýewrozonanyň sazlaşykly hereket etmegine umyt döreden-de bolsa, bu krizisiň geriminiň giňäp gidip oturmagy oňa çäre tapmak meselesini-de kem-kem kynlaşdyrýar.

Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady meseleler boýunça komissary Olli Rehn

Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady meseleler boýunça komissary Olli Rehn

Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady meseleler boýunça komissary Olli Rehn şu hepde “Dexia” bankynyň ýüzbe-ýüz bolan problemasy bilen bagly habarçylara beren interwýusynda banklara hökümetler tarapyndan gyssagly maliýe goldawlarynyň berilmelidigi baradaky garaýyşlar bilen ylalaşýandygyny aýtdy.

Britaniýanyň “Deýli Telegraf” gazetine beren interwýusynda ol “Ýewropanyň banklarynyň aladalarynyň azalmagy hem-de olaryň özlerini has ynamly duýmaklary üçin olara berilýän goldawlary güýçlendirmeli” diýdi. Emma Ýewropa Bileleşiginiň bu banklaryň maliýe ýagdaýyny nähili ýol bilen gowulandyryp biljekdigi baradaky meseläniň özi aýdyň bolman galýar.

Eger ýewro pul birligini ulanýan ýurtlaryň hemmesi ýakyn wagtlarda tassyklasa, onda Ýewropanyň Maliýe durnuklylyk fondy maliýeleşdiriş çäreleri üçin 400 milliard dollar fonda eýe bolar. Emma bu fond hem bir wagtyň özünde hem Gresiýa ýardam bermäge, hem Ýewropanyň banklaryna maliýe goldawyny bermäge ukyply bolmaz.

Eger häzirki maliýe krizisine adatdan daşary bir görnüşdäki çözgüt tapylmasa, ahyrky netijede Ýewropa Bileleşigi Gresiýany karz bilen üpjün etmek kynçylyklaryndan hem has çuňňur we düýpli problemalary boýun almaly bolar. Ol bolsa öz gezeginde Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň öňünde soňky iki ýyl bäri dowam edip gelýän Gresiýa bilen baglanyşykly synaglara görä has uly synaglary goýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG