Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hemmämize duýduryş


Türkmenistanyň 20 ýyllyk garaşsyzlyk döwründe garaşsyz žurnalistleriň yzarlanmagy, öz professional işleri üçin ýanalmagy indi türkmenler üçin täzelik däl. Ine, Türkmenistandan ýene bir gynandyryjy habar gelip gowuşdy. Žurnalist, edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Suduň kararynyň üstünden şikaýat etmek üçin onuň 10 gün möhleti bar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini tamamlan, alan ýokary bilimi boyunça filolog hem žurnalist. Uniwersiteti tamamlandan soňra, Ylymlar Akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda kiçi ylmy işgär bolup işleýär, TDU-da gadym döwrüň türkmen edebiýatyndan talyplara sapak berýär. Soňra žurnalistika bilen meşgullanyp, Türkmenistanyň resmi metbugatynda işleýär.

Ýazgulyýew Azatlyk Radiosynda 2007-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Abadan şäherindäki partlamalardan soň, ony organ işgärleri çagyryp, eger-de olaryň aýdyşy ýaly işlemese (megerem, resmi metbugatyň ýazýanlaryny gaýtalamasa), onda ony jenaýatda aýyplap, türmä basjakdyklaryny aýdyp, haýbat atýarlar. Muny žurnalistiň özi iýul aýynda beren interwýusynda aýdypdy. Ine, garaşylan zat hem boldy... Oňa bildirilen resmi aýyplamanyň onuň žurnalistiki işi bilen dahyly bolmasa-da, onuň ýanalmagynyň asyl sebäbiniň hut professional işi bilen baglydygyna düşünmek üçin geniý bolmak hökman däl. Žurnalist Ýazgulyýew öz işi üçin ýanalan ilkinji žurnalist hem däl, iň soňky boljakdygyny hem hiç kim aýdyp bilmese gerek.

Türkmenistanyň häkimiýetleri halkara derejesindäki duşuşyklarda, halkara guramalarynyň öňünde, halkara metbugatda Türkmenistanda doly derejede demokratiýanyň ösýändigini, hiç bir raýatyň hak-hukugynyň döwlet tarapyndan kemsidilmeýändigini gaýta-gaýta belläp geçýärler. Muňa garamazdan, şu waka žurnalistleriň ýanalmagynyň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Şular ýaly eden-etdiligiň ýene gaýtalanmajagyna bolsa hiç kim kepil geçip bilmeýär.

Mundan başga-da žurnalistleriň hukugy boýunça işleýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy ýaly döwlete degişli bolmadyk guramalar Türkmenistanda söz azatlygynyň örän pesdigini, garaşsyz žurnalistleriň we habarçylaryň yzarlanýandygyny öz hasabatlarynda her ýyl belläp geçýärler. Şu ýylyň sentýabr aýynda bolsa ÝHHG-niň köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygy boýunça ýörite wekili Dunýa Miýatowiç Türkmenistana sapar edip, türkmen häkimiýetleri bilen media azatlygy boyunça has içgin işleşmäge umyt edýändiginy aýtdy.

Ýakasy gaýyşly

Türkmenistan şu wagta çenli türme tussaglygyny döwletiň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşmaýan, azat-erkin pikir edip bilýän we şeýle pikirlerini hiç kimden ýaşyrmaýan adamlara garşy ýeke-täk gural hökmünde ulanýandygy üçin tankytlanyp geldi. Işden çykarmak, “gara sanawda” goýmak barada gürrüň hem ýok. Türkmenistanda adyl sud seljermesiniň ýokdugy, garaşsyz derňewiň mümkin däldigi, adamlaryň jenaýatlary derňew tarapyndan delillendirmek däl-de, Wyşinskiý aýtmyşlaýyn, ‘Boýun almak - delilleriň şasydyr’ prinsipi boýunça alnyp barylýandygy, galyberse-de, sud edilýän adamyň žurnalistiki işi üçin ‘duýduryş’ alandygy göz öňünde tutulsa, onda bu jenaýat diýilýän iş we suduň karary “ynanasy gelýänlerden” başga hiçi kimi ynandyryp bilmez.

Žurnalistiň ýanalmagy we bassyr-ýussur sud prosesi esasynda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi jemgyýet üçin uly waka. Şeýle etmek bilen Türkmenistanyň häkimiýetleri Döwletmyrada däl-de, garaşsyz, özbaşdak işlemek isleýän žurnalistlere we erkin pikir edip bilýän adamlara, halka, liberal ýaşlara, intelligensiýa, döredijilik işgärlerine duýduryş berdiler. Häkimiýetler şeýle “arkaýynlyga” ýol bermejekdiklerini, Türkmenistanda yaşaýan islendik adamy, gerek bolsa merhum Ogulsapar Myradowanyň gününe aňsatlyk bilen düşürip biljekdiklerini “mälim etdiler”. Gyzym saňa aýdýan, gelnim sen diňle...

Gynansagam, XXI asyryň globalizasiýa döwründe awtoritar ýurtlarda adamlar öz pikirleri üçin ýanalmalara sezewar bolýarlar. Söz azatlygy, wyždan azatlygy ýaly adamzada berlen fundamental hak-hukuklar türkmenlere degişli däl ýaly görünýär. Ösen demokratik ýurtlarda adamlar öz pikirlerini metbugatda we telewideniýetde arkaýyn aýdyp ýa-da ýazyp bilýän bolsalar, bizde öz pikiriň ýazmak-ha beýlede dursun, ýazylanlary okamak, aýdylýanlary diňlemek hem çetin hasaplanýar. Hökümet bolsa öz aýdanlaryny gaýtalamaýan islendik materialy “prowokasiýa” hasaplaýar. Dogrusy, hökümetiň bu “deliline” käbir adamlar ynanman hem duranoklar. Erkin metbugat diýen zadyň nämedigini görmedik, diňe fontanlar, owadan jaýlar, “gülläp ösüşler” barada okap ýören täze nesilden nämä garaşyp bolar? Olar syýasaty nireden öwrenmeli, hukugy nireden öwrenmeli, dünýä tejribesini nireden öwrenmeli? Häzir belli däl.

Dünýä taryhynda repressiýanyň henize çenli öz maksadyna doly ýetip bilen ýeri ýok. Onuň maksady - adamlaryň erkin pikirini, söz azatlygyny, döwletiň rugsat edýän çäginden daşarda doly basyp yatyrmak. Ýöne dünýäde şuny başaryp bilen yekeje-de döwlet ýa hökümet ýok. Bu günki gün gara güyjüň öňünde baş egmeýän Döwletmyrat ýaly adamlar Hytaýyň, Eýranyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Demirgazyk Koreýanyň we beýleki ençeme awtoritar döwletleriň türmelerinde otyrlar. Bu diýseň gynandyryjy waka, ýöne bu syýasatyň geljegi ýok. Muny taryh subut edýär.

Baýram Diwanaýew Azatlyk Radiosynyň okyjysynyň edebi lakamy, syýasaty öwreniji. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG