Sepleriň elýeterliligi

Obama Pakistany “ýakymsyz şahsyýetler” bilen gatnaşyk saklamakda aýyplaýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama penşenbe güni Yslamabady “ýakymsyz şahsyýetler” bilen ilteşik saklamakda aýyplap, Waşingtonyň ünji-aladalary bilen utgaşykly hereket etmese, munuň iki ýurduň arasyndaky ozaldan gelýän gatnaşyga zyýan ýetirmeginiň mümkindigini duýdurdy.

Ak Tamda metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Obama Owganystanda pitneçiler bilen NATO güýçleriniň arasynda barýan uruşda Pakistanyň strategik oýlanmalaryna Birleşen Ştatlaryň nähili garaýandygyny mälim etdi.

“Biziň maksadymyz Owganystandan gaýdanymyzda yzymyzda bir durnukly hökümeti, garaşsyz, adam hukuklaryny hormatlaýan, demokratik hökümeti galdyryp gaýtmak. Meniň pikirimçe, Pakistan biziň bu maksatlarymyzyň käbirine biparh garaýar” diýip, Obama aýtdy.

“Meniň pikirimçe, olar öz jedellerini Owganystanyň nähili boljakdygy bilen pugtalandyrypdyrlar. Olaryň jedellerini pugtalandyrmagynyň bir bölegi käbir ýakymsyz şahsyýetler bilen özara gatnaşyk. Olar ýaran güýçler Owganystandan çykyp gaýdandan soň, bu adamlar gaýtadan häkimiýet başyna geler öýdýärler”.

Obama öz sözüni şeýle dowam etdi: “Biziň kynçlyk döredýär diýip pikir edýän käbir adamlarymyz bilen Pakistanyň harbylarynyň we aňtaw gulluklarynyň arasynda käbir ilteşikleriň bardygy şübhesiz”.

Prezident Obama bu beýanatlary bilen amerikan resmileriniň şu wagta çenli diňe hususy gepleşiklerde aýdyp gelýänini ile mälim etdi. Bu hem Owganystanyň geljegi barada Waşington bilen Yslamabadyň garaýşynyň deň däldigi.

“Biziň Pakistany ynandyrjak bolýan zadymyz - Owganystanyň durnukly bolmagynyň onuň öz bähbidinedigi. Olaryň durnukly, garaşsyz Owganystana öz üstlerine abanýan howp diýip düşünmezligi. Biz owganlar bilen pakistanlylaryň arasynda ozalkylaryndan has netijeli gepleşikleri ýola goýmaga synanyşdyk” diýip, Obama aýtdy.

Ýaramazlaşýan gatnaşyklar

Amerikan prezidenti: “Pakistan hökümetiniň kömegi bolmadyk bolsa, biz beýle üstünlik gazanyp bilmezdik” diýip, tutuş regionda terrorizme garşy göreşde beren kömegi üçin Pakistany öwdi. Ýöne ol: “Birleşen Ştatlaryň nämeleri etjek bolýanyna Yslamabat üns bermeli” diýip, duýduryş berdi. Obama: “Olar biziň bähbitlerimize üns berýärler diýip pikir etmesek, Pakistan bilen bolan uzak möhletli strategik gatnaşygymyzdan razy bolmajakdygymyz belli zat” diýdi.

Öten aý Birleşen Ştatlaryň ýaňy pensiýa çykan ýokary derejeli harby serkerdesi Admiral Maýk Mýulen Senatda geçen bir diňlenişikde Pakistanyň aňtaw gullugyny (ISI) “Talyban” bilen ýaranlykda bolan “Hakganynyň toparyny” goldaýanlykda aýyplady. Bu ýagdaý iki ýurduň arasynda ozal hem o diýen öwerlik bolmadyk gatnaşygy öňküsindenem beter ýaramazlaşdyryp, tutuş Pakistanda Amerika garşy protestlere getirdi.

Yslamabadyň ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) bir agentini iki pakistanlyny öldürenlikde aýyplap tutmagy, Amerikanyň bu ýurda 800 million dollarlyk harby kömeginiň durzulmagy hem gatnaşyklary has-da ýaramazlaşdyrdy.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Owganystanda häzir 130 müň esgeri bar. Bularyň 98 müňüsi Birleşen Ştatlaryň özünden. Halkara güýçleri owgan howpsuzlygynyň jogapkärçiligini indi ýurduň güýçleriniň özüne tabşyrmaga başladylar.

Urşa gatnaşýan çet ýurtlularyň hemmesi 2014-nji ýylyň aýagyna çenli Owganystandan çykar. Iýul aýynda prezident Obama şu ýyl 10 müň, geljek sentýabra çenli hem 23 müň esgeri Owganystandan çykarjakdygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG