Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylyk boýunça Nobel üç zenana berildi


Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna şu gezek Liberiýanyň prezidenti Ellen Jonson Sirlif, liberiýaly syýasy aktiwist Leýma Gbowi hem ýemenli hukuk goraýjy aktiwist Tawakul Karman dagylar mynasyp boldular.

Nobel komitetiniň beýanatynda ol zenanlara “aýallaryň hak-hukukllary hem howpsuzlygy ugrunda zorluga daýanmaýan göreş alyp barýandyklary üçin hem-de parahatçylygy ornaşdyrmak prosesine gatnaşýandyklary üçin” Nobel baýragynyň berlendigi bellenýär.

Liberiýaly syýasy aktiwist Leýma Gbowi 2002-nji ýylda aýallaryň parahatçylyk ugrundaky hereketini gurnady. Bu hereketiň goldawy bilen Liberiýada 2006-njy ýylda häkimiýet başyna ilkinji gezek zenan-prezident Ellen Jonson Sirlif bellenildi.

Üç çaganyň enesi Tawakul Karman bolsa Ýemende 2005-nji ýylda “Zynjyrsyz aýal žurnalistler” atly guramanyň düýbüni tutdy. Bu gurama demokratik azatlyklar hem erkin metbugat ugrunda göreş alyp baryp, Ýemeniň paýtagty Sanaanyň merkezinde ýurduň awtoritar prezidenti Ali Abdullah Salehiň režimine garşy protest çärelerini gurnady.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy, adatça, Şwed akademiýasy tarapyndan däl-de, Norwegiýanyň Nobel komiteti tarapyndan yglan edilýär.
XS
SM
MD
LG