Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Fransiýa öz kolonial geçmişine seretsin


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly franzus hökümetini öz taryhyna gaýtadan seretmäge, kolonial geçmişine üns bermäge çagyrdy.

Dawutogly bu çykyşy Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkoziniň çagyryşyna jogap hökmünde etdi. Sarkozi Ermenistana eden saparynyň dowamynda Türkiýäni ermenileriň genosidi meselesini ykrar etmäge çagyrdy.

Ermenistan Birinji jahan urşy ýyllarynda Osman türkleriniň 1,5 milliondan gowrak ermenini gyrandyklaryny aýdýar we ony genosid diýip ykrar etmekligi öňe sürýär. Türkiýe muny ret edýär.

Fransiýa ermenileriň genosidini ykrar eden ýurtlaryň biri. Şeýle hem, Fransiýa Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagyna garşy çykýan ýurtlaryň hataryna girýär.

Türkiýäniň Ýewropa işleri boýunça ministri Egemen Bagyş prezident Nikolýa Sarkozi ilki bilen öz ýurdundaky maliýe krizisine garşy çäreleri görüp, soňra ermeniler bilen bagly meselede taryhçy hökmünde çykyş etsin diýdi.

Türkiýanyň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Sarkoziniň bu çykyşlarynyň Türkiýanyň Ermenistan bilen ýola goýan barlyşyk prosesine ýaramaz täsir edip biljekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG