Sepleriň elýeterliligi

Žurnalist Politkowskaýanyň öldürilmegine 5 ýyl boldy


Laýyk 5 ýyl mundan ozal ýaşaýan jaýynyň girelgesinde atylyp öldürilen Anna Politkowskaýany öldürenlere goşmaça aýyplamalar ýöňkelýar, diýip Orsýetiň resmileri maglumat berdiler.

Žurnalist zenanyň kärdeşleri onuň ölen güni bilen bagly “Facebook” saýtynda Politkowskaýanyň sahypasyny açmagy planlaşdyrýanlyklaryny aýdýarlar.

Politkowskaýanyň işlän ýeri “Nowaýa gazetanyň” baş redaktory Dmitriý Muratow öz redaksiýalarynyň binasynda žurnalistiň hatyrasyna “ýadygärlik tagtasyny” gurnajakdyklaryny aýtdy.

Uruş barýan ýerlerde iş alyp barýan aýallara niýetlenen Anna Politkowskaýa adyndaky baýrak şu ýyl siriýaly hukuk goraýjy aktiwist Razan Zaýtune berildi.
XS
SM
MD
LG